21 ýaşly britaniýaly aýal ýekelikde Atlantika ummanyny kürekläp ýüzüp geçip, Ginnesiň rekordyny goýdy

  • 04.07.2025 12:05
  • 11k+

Beýik britaniýaly 21 ýaşly Zara Lahlan Atlantika ummanynyň üsti bilen Ýewropadan Günorta Amerika çenli ýekelikde ýüzüp geçen taryhda ilkinji aýal boldy. Şeýle hem ol kesekiniň kömegi bolmazdan we ýolda saklanmazdan, şeýle syýahaty amala aşyran iň ýaş zenandyr diýip, Ginnesiň rekordlar kitaby habar berýär.

Zara birnäçe tälimçiniň kömegi bilen geçjek ýoluny öňünden meýilleşdirdi, bedenini berkitdi (agyr ýolda bedeniniň agramynyň üçden bir böleginden gowragyny ýitirmegine garaşýanlygy üçin) we Angliýanyň gündogaryndaky derýalarda üç aýdan gowrak wagtlap güýçli depginde küreklemek arkaly türgenleşdi. Şeýle hem, ol gaýyk we gerekli ätiýaçlyklar üçin pul beren dürli kompaniýalardan hemaýatkärlik almak bagtyna eýe boldy.
Syýahatdan ozal gyz Lafboro uniwersitetinde fizika ugrundan bilim aldy, küreklemek bilen bary-ýogy bäş ýyl meşgullandy we ummanda ýüzülýän kürekli gaýygy hiç mahal görmändi.


Zara 2024-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Portugaliýanyň Laguş portundan ýekelikde 7 metrlik gaýykda ýola çykdy we 97 gün, 10 sagat 20 minutdan soň 7026 km aralygy geçip, Fransiýanyň Gwianasynyň Kaýenna şäherine baryp ýetdi. Günde 17 sagat kürekledi, güýçli tupanlar bilen ýüzbe-ýüz boldy. Passat ýelleriniň bolmazlygy bolsa ýüzüşi kynlaşdyrýardy.

"Howa erbet bolanda-da, garaz bir zat edýändigimi duýmak hakykatdanam möhümdi we 20 sagadyň içinde, iň bolmanda, 11 mil (17,7 km) aralygy geçip bilerdim ýa-da şuňa meňzeş bir zat bolup bilerdi. Öz-özüme diňe: "Bary-ýogy 11 mil geçsem bolany, soň ýüzmek gerek däl " diýýärdim - diýip, gyz gürrüň berdi.

Ýolda gaýygy agdaryldy, telefony döwüldi we barrakudanyň (ýyrtyjy balyk) hüjümini başdan geçirdi, ýöne ýolda owadan zatlar hem bardy - delfinler, kitler.

"[Syýahatdan ozal] deňizde ýaşan jandarlar ýa-da şuňa meňzeş başga zatlar bilen gabatlaşmandym, şonuň üçin gitmezimden ozal umman balygyny hem görmändim. Bu juda tolgundyryjy boldy. Balyklary gördüm ... köp dürli kitleri, delfinleri gördüm, delfinler bilen ýüzdüm" -diýip, ol Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri bilen duýgularyny paýlaşdy.

Zara 97 güni ýekelikde geçirdi, günde dört sagatdan köp ýatmady we hatda, ýadawlykdan ýaňa galýusinasiýa hem gördi. Syýahatçy bu syýahatyň özüni geljekde goşunda etjek gullugyna-da gowy taýýarlandygyny hem-de tebigat we öz aňy ýaly kuwwatly güýçleri ýeňmegi öwredendigini aýtdy.


05.06.2025 10:20
6.9k+

Stambuldaky Sabiha Gýokçen howa menzili gatnawlaryň sany boýunça gündelik rekordy täzeledi

Stambulda ýolagçy akymy boýunça ikinji orny eýeleýän Sabiha Gýokçen howa menzili bir günde gatnawlaryň rekord sanyna hyzmat etdi. Bu barada howa duralgasynyň administrasiýasy habar berdi. Habara görä, 2025-nji ýylyň 1-nji iýunynda howa menziliniň üsti bilen 784 gatnaw amala aşyryldy – bu onuň taryhynda iň ýokary görkezijidir...

09.05.2025 12:31
5.4k+

«Gulfstream G800» dünýäde iň uzak aralyga uçýan biznes-jet boldy

«Gulfstream G800» biznes-jeti resmi taýdan dünýäde iň uzak aralyga uçýan hususy uçar boldy. Bu howa ulagy ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýasy edarasy (FAA) hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Uçuş howpsuzlygy agentligi (EASA) tarapyndan sertifikatlaşdyryldy...

01.03.2025 11:52
11k+

Tokioda dünýäde iň kiçi seýilgäh açyldy. Onuň meýdany bary-ýogy 0,24 inedördül metr

Ýaponiýanyň paýtagtynda dünýäniň iň kiçi seýilgähi peýda boldy we resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Onuň meýdany bary-ýogy 0,24 inedördül metr. Bu iki sany A3 ölçegdäki kagyzyň ululygyndan geçmeýär...

23.02.2025 18:37
12k+

Saud Arabystanynda iň tiz we iň beýik amerikan demirýol depejikleri gurlar

Saud Arabystanynyň Kiddiýa şäher seýilgähinde meýdany 376 inedördül kilometr bolan Six Flags tematiki seýilgähiniň gurluşygy tamamlanyp barýar. Onuň çäginde dünýäde iň tiz we iň beýik amerikan demirýol depejikleri...