Nissan Qashqai ilkinji bolup üçünji nesil e-Power gibrid ulgamy bilen çykar

  • 02.07.2025 11:31
  • 2.9k+

Nissan kompaniýasy e-Power gibrid ulgamynyň üçünji neslini hödürledi. Täze ulgam ilki bilen Ýewropa bazary üçin niýetlenen Qashqai krossowerine ornaşdyrylar. Modeliň önümçiligine Sanderlanddäki (Beýik Britaniýa) zawodda eýýämden başlandy, satuwlary bolsa sentýabr aýyna meýilleşdirilýär.

e-Power ulgamy öňküsi ýaly yzly-yzyna işleýän gibridligine galýar, ýagny içinden ýandyrylýan hereketlendiriji (IÝH) diňe elektrik energiýasyny öndürmek üçin ulanylýar. IÝH täzelendi: öňki 1,5 litrlik VC-Turbo hereketdirijiniň deregine, şol bir göwrümli, ýöne has tygşytly täze benzinli hereketlendiriji ulanylýar. Täze hereketlendiriji ulaldylan turbokompressor bilen enjamlaşdyrylyp, onuň termiki netijeliligi 42%-e ýetýär.
Ýangyjyň ortaça sarp edilişi her 100 kilometrde 4,5 litre barabardyr. Öndürijiniň maglumatlaryna görä, bu görkeziji C-segment krossowerleriň arasynda iň gowy netije hasaplanylýar. Täze ulgam netijeliligi öňki nesile garanyňda 16% ýokarlandyrýar, CO₂ zyňyndylaryny bolsa 12% peseldýär –112 gram/km çenli. WLTP aýlawyna görä, doly bak bilen ulag 1200 km-e çenli aralygy geçip bilýär, iş ýüzünde bolsa 1000 km-den gowrak ýol geçmäge ukyplydyr.

Täze benzinli hereketlendiriji has sessiz işleýär: salondaky sesiň derejesi 5,6 dB azaldy. Hyzmat aralygy 15 müň km-den 20 müň km-e çenli artdy.
Öňdäki tigirleri herekete getirýän elektrohereketlendiriji indi 205 at güýjüni (+15 at güýji) öndürýär. Ol generator, inwertor we reduktor bilen bir bloga birleşdirilen. Batareýanyň sygymy öňküligine galdy – 2,1 kWt·sag.
Qashqai modeliniň doly täzelenen görnüşi (restaýling) 2024-nji ýylyň ýazynda tanyşdyryldy. Ýewropadan soň täze e-Power 3.0 ulgamy beýleki bazarlarda hem peýda bolar: ABŞ-da täze Rogue modelinde, Ýaponiýada bolsa Elgrand miniweninde ulanylar.


08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.7k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6.3k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....

31.05.2026 16:54
4.8k+

Nissan boýaýjy sehleriň galyndylaryny ulanmagyň usulyny tapdy: galyndyny ses izolirleýjä öwürýär

Nissan kompaniýasy Takayama Group bilen hyzmatdaşlykda boýag önümçiliginiň galyndylaryny gurluşyk senagaty üçin ses izolirleýji materiallara gaýtadan işlemäge başlady....