Ferrari suwasty ganatly ýelkenli ýahtanyň taslamasyny görkezdi. Oňa deňiz giperkary diýilýär

  • 02.07.2025 00:54
  • 4.4k+

Ferrari abraýly umman ýaryşlaryna gatnaşmak üçin döredilen eksperimental ýahta bolan Hypersail taslamasyny hödürledi. Oňa ýelkenli giperkar diýilýär: gäminiň uzynlygy 30 metre deň, beýikligi bogaldagy bilen birlikde 40 metre çenli bolar.

Esasy aýratynlyklaryň biri suwasty ganat innowasiýa ulgamy bolar. Olar merkezi kilde, rul pyçagynda we iki gapdal pilonda gurlar we gäminiň üç daýanç nokadynda suwuň üstünde “pelpellemegine” mümkinçilik berer. Bu şeýle dizaýnly dünýäde şuňa meňzeş ululykdaky ilkinji ýelkenli gämi bolar.
Dolandyryş ulgamynyň işlenip taýýarlanylyşy Ferrari-niň awtoulag sportundaky tejribesi göz öňünde tutup amala aşyrylýar. Mundan başga-da, ýahta ýangyç hereketlendirijilerini ulanmazdan, energiýa taýdan doly özbaşdak bolar. Ýelkenlerini, ganatlaryny we beýleki ulgamlaryny dolandyrmak üçin energiýa gün panelleri, ýel generatorlary we kinetiki enjamlar arkaly üpjün ediler.

Hypersail 2026-njy ýylda satuwa goýberiler.
Ozal habar berlişi ýaly, Ferrari ýelkenli toparyna 30 ýyldan gowrak tejribesi bolan tejribeli ýahtaçy Jowanni Soldini ýolbaşçylyk eder. Ol La-Manş bogazyndan we Gonkong-London ugry boýunça deňiz ýoluny çalt geçmekde wagt rekordyny eýeleýär.


24.06.2026 18:36
4.3k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

04.06.2026 19:03
9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......