Baş keşpde Bred Pittiň düşen “Formula 1” filmi dünýä prokatyny eýeleýär

  • 30.06.2025 18:38
  • 5.1k+

Bred Pittiň baş keşbi janlandyrmagynda täze “Formula 1” filmi ABŞ-da we Kanadada 55,6 million dollar, dünýäde bolsa 88,4 million dollar girdeji gazandy diýip, The Hollywood Reporter habar berýär.

Filmiň dynç günleriniň umumy girdejisi 144 million dollardan geçdi we bu prodýuserleriň garaşyşlaryndan ep-esli ýokary boldy.
Bu Bred Pittiň karýerasyndaky iň gowy başlangyç. 200 million dollarlyk ýokary önümçilik býujetine garamazdan, režissýor Jozef Kosinskiniň filmi kassa ýygymynyň häzirki dinamikasyny göz öňünde tutsaň, öwezini dolmak üçin ynamly hereket edýär.
Şol bir wagtyň özünde "M3GAN" horrorynyň dowamy çykdy. 20 million dollar ýygnar diýip çaklanan hem bolsa, film bary-ýogy 10 million dollar toplamagy başardy. Emma taslamanyň býujeti has pes - marketing çykdajylaryny hasaba almazdan, 25 million dollar.


şu gün 09:56
1.7k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1.3k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.2k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.4k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......