Volvo XC60 brendiň iň köp satylan modeli boldy. Rekord 30 ýyldan soň üýtgedi

  • 30.06.2025 10:57
  • 3.9k+

XC60 krossoweri Volvo-nyň taryhynda iň köp satylan modeli boldy. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, onuň umumy satuwy 2,7 milliondan geçdi.

Mundan ozal, rekord Volvo 240 modeline degişlidi. Bu ulag 1993-nji ýylda önümçilikden aýrylypdy we onuň umumy satuwy, takmynan, 2,68 million bolupdy.
XC60 bazara ilkinji gezek 2008-nji ýylda çykdy. Ilki bilen diňe Ýewropada satyldy, soňlugy bilen bolsa kompaniýanyň dünýä derejesindäki ilkinji modeli bolup, beýleki ýurtlarda, şol sanda Hytaýda hem peýda boldy. Kompaniýa XC60 modelini 240 uniwersalynyň oruntutary hökmünde häsiýetlendirýär. Şeýle-de Volvo 240-y bolan maşgalalarda ulalan köp sanly adam häzirki wagtda maşgala ulagy hökmünde XC60-y saýlaýar.

Şeýle hem Volvo täze model ýyly bilen XC60-yň birnäçe täzeliklere eýe boljakdygyny habar berdi. Täzelenmeler dizaýna, interfeýse we media ulgamynyň iş tizligine, şeýle-de sürüş rahatlygyna degişli bolar. Bu üýtgeşmeler barada häzirlikçe doly maglumat berilmedi.
Geçen ýylyň güýzünde «Autocar» britan neşiri dünýäde iň köp satylan awtoulaglaryň sanawyny taýýarlady. Bu sanawda modelleriň umumy öndürilen sany göz öňünde tutuldy. Volvo 200 maşgalasy şol sanawda iň soňky orunlaryň birinde ýerleşdi. Ilkinji orunlary bolsa Toyota Corolla, Ford F-Series we Volkswagen Golf eýeledi.


27.01.2026 10:20
2.1k+

2,5 million Volvo uly täzelenmeden geçer: Ulgamlar has döwrebaplaşar

Volvo kompaniýasy 2020-nji ýyldan bäri öndürilen awtoulaglar üçin multimediýa ulgamlarynyň düýpli täzelenendigini yglan etdi. Bu täzelenme bütin dünýäde takmynan 2,5 million awtoulaga degişli bolar we sürüjilere diler merkezine barmazdan, iň soňky tehnologiýalardan peýdalanmaga mümkinçilik berer...

17.10.2025 17:14
5.2k+

Iň soňky Volvo V90, önümçilikden aýrylandan soň, muzeýe iberildi

Şwesiýanyň Volvo kompaniýasynyň Gýoteborgdaky zawodynyň gurnama hataryndan iň soňky V90 uniwersaly düşdi. Bu awtoulag satylmaz — ol kompaniýanyň muzeýinde hemişelik ýerleşdiriler. Volvo-nyň bellemegine görä, bu modeli öndürmegiň bes edilmegi islegiň azalmagy bilen däl-de, kompaniýanyň global önümçilik strategiýasynyň täzelenmegi bilen baglydyr...

07.10.2025 12:48
2.6k+

Volvo bir millionynjy zarýad berilýän gibridini öndürdi

Volvo Cars möhüm üstünlik barada habar berdi: sentýabr aýynda bir millionynjy zarýad berilýän gibrid konweýerden çykdy. Kompaniýa bu sepgidi dolulygyna elektrikli modeller hataryna geçmek strategiýasynda möhüm ädim diýip atlandyrýar...

13.09.2025 14:55
6.9k+

Toyota dünýäde iň meşhur awtoulag öndürijisi. Aýry-aýry ýurtlar boýunça bu görkeziji nähilikä?

Toyota 2024-nji ýylda dünýäde iň meşhur awtoulag öndürijisi boldy. Kompaniýa ABŞ we Ýakyn Gündogar ýaly milli bazarlaryň aglabasynda birinji ýeri eýeledi. World Wide Mobility neşiri ýurt boýunça iň meşhur awtoulag öndürijileriniň kartasyny neşir etdi...