Bekhem 2002-nji ýylda oýun wagtynda alan şikesi üçin operasiýa geçirdi

  • 27.06.2025 19:10
  • 10k+

Beýik Britaniýanyň futbol boýunça ýygyndysynyň öňki oýunçysy Dewid Bekhem 22 ýyl mundan ozal alan şikesiniň netijesinde bileginde operasiýa geçirmeli boldy. Bu barada britan metbugaty, şol sanda The Sun gazeti habar berýär.

2002-nji ýylyň maýynda Günorta Afrika bilen geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda Bekhem garşydaşy Tabango Molefe tarapyndan edilen hereket netijesinde bilegindäki çanak süňkünden şikes alypdy. Şondan soň oýunçy eli daňyly oýny dowam etdi, hatda bir goluň pasyny (Sautgeýte) hem beripdi. Angliýanyň ýygyndysy şol duşuşykda 2:1 hasaby bilen ýeňiş gazanypdy.
Şikesden soň Bekhem ilkinji operasiýasyny şol ýyl geçirtdi. Emma soňky rentgen barlaglary onuň eliň öň tarapynda 2002-nji ýylda goýlan metal nurbatyň wagtynda ornaşmandygyny görkezdi. Netijede, lukmanlar täzeden hirurgiki operasiýa geçirmegi gerekli hasapladylar.
Bekhemiň aýaly Wiktoriýa Bekhem sosial ulgamlarda onuň hassahanada düşekde ýatan, eli daňyly suratyny paýlaşdy.


50 ýaşyndaky Dewid Bekhem Angliýanyň milli ýygyndysynda 115 duşuşyga gatnaşyp, 17 gol geçirdi. Ol “Mançester Ýunaýted”, “Real”, “Los-Anjeles Gelaksi”, “Milan” we “Pari Sen-Žermen” ýaly klublarda çykyş etdi. Häzirki wagtda ol “Inter Maýami” futbol klubunyň paýdarlarynyň biri bolup durýar.
Ýakynda Britaniýanyň patyşasy Karl III Dewid Bekhemi rysarlyga galdyrdy.


26.07.2025 16:48
5.5k+

Beýik Britaniýada depressiýaly hassalary futbol bilen “bejererler”

Beýik Britaniýada ýeňil we ortaça depressiýasy bolan hassalara lukmançylyk görkezmesi hökmünde futbol oýunlaryna baryp görmek maslahat berler. Özboluşly başlangyç barada The Independent ýazýar. Taslama Leýboristik partiýadan parlamentiň agzasy Saýmon Ofer we Ecotricity energetika kompaniýasynyň eýesi Deýl Wins tarapyndan işlenip taýýarlandy...

düýn 17:46
1.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

düýn 15:54
3k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

04.06.2026 07:25
4.8k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......