Microsoft «ölüm ekranynyň» dizaýnyny resmi taýdan gara reňke üýtgetdi: ol 40 ýyllar mawy reňkdedi

  • 27.06.2025 11:05
  • 3k+

Microsoft Windows operasiýa ulgamynda peýda bolýan meşhur "ölüm ekranynyň" (BSoD – Blue Screen of Death) reňkini üýtgeder. Bu barada The Verge neşiri habar berýär. Gök ekran indi gara reňkde çykar.

Bu üýtgeşikme baradaky ilkinji maglumatlar mart aýynda peýda bolupdy, şol wagt ekranyň ýaşyl reňkde boljagy aýdylýardy. Indi bolsa kompaniýa öz gutarnykly kararynyň gara reňk bolup durýandygyny mälim etdi.
Täzelenen ekranda öňki ýaly gamgyn smaýlik we Microsoft-yň tehniki goldaw sahypasyna alyp barýan QR-kod bolmaz. Ekranda diňe ýalňyşlyk kody we näsazlyga sebäp bolan draýwer baradaky maglumat galar.
Microsoft-yň korporatiw howpsuzlyk we operasiýa ulgamlary boýunça wise-prezidenti Dewid Ueston bu üýtgeşmelere düşündiriş berip:

"Bu üýtgeşiklik näsazlygyň sebäbini has anyk görkezmek, giňişleýin maglumat bermek we müşderiler bilen bilelikde meseläni çalt çözmek üçin edilýär" diýip aýtdy.

Üýtgeşmeler Windows 11 ulgamynyň şu tomsuň soňlarynda çykjak täzelenmesine giriziler. Kompaniýanyň blogynda täze gara ölüm ekranynyň suraty hem ýerleşdirildi.

Blue Screen of Death ilkinji gezek 1985-nji ýylda peýda bolan Windows ulgamlarynda ulanylyp başlandy. 1993-nji ýyldan bäri bu aýratyn ekran özbaşdak bir fenomen hökmünde tanalýar. Onuň daşky görnüşi 20 ýyldan gowrak wagtlap diýen ýaly üýtgemedi. 2012-nji ýylda, Windows 8 bilen birlikde, ekrana gamgyn smaýlik girizildi, 2016-njy ýylda bolsa QR-kod peýda boldy.


23.02.2026 13:14
1.3k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.1k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
892

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...