Wýetnamda ýurtda ilkinji erkin ykdysady zolak dörediler

  • 26.06.2025 19:04
  • 8.4k+

Wýetnamda ýurduň ilkinji erkin söwda zolagy dörediler. Bu zolak ýurduň merkezi bölegindäki tehnologiýa we syýahatçylyk merkezi bolan Danang şäherinde ýerleşer diýip, Nikkei neşiri habar berýär.

 Hökümet bu taslamanyň ýurduň ykdysady ösüşine itergi bermegine we 2045-nji ýyla çenli ýokary girdejili döwlet bolmak maksadyna ýetmäge kömek etjekdigine garaşýar.
Erkin söwda zolagynyň meýdany 1881 gektara deň bolar. Bu zolakda işlejek kompaniýalara salgyt ýeňillikleri, ýer kärende ýeňillikli ýa-da mugt şertler, şeýle-de rugsatnamalary almak üçin ýeňilleşdirilen tertip hödürlener.
Wýetnamyň premýer-ministriniň beýanatynda:

“Danang şäherinde erkin söwda zolagynyň döredilmeginiň uzak möhletli maksady — dünýä derejesinde hem-de Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde üpjünçilik zolaklaryny döretmek, önümçilik merkezini we harytlar üçin global üstaşyr merkezini kemala getirmekdir” diýilýär.

Danang şäherinde ýurduň üçünji iň uly deňiz porty ýerleşýär. Meýilnama görä, bu portuň ýyllyk geçiriş ukyby 2030-njy ýyla çenli 8,7 mln tonnadan 13,7 mln tonna çenli ýokarlandyrylar. Bu bolsa logistika infrastrukturasynyň we zolagyň ösüşine goşant goşar.
Mundan başga-da, häkimiýetler geljekde Danang şäherini halkara maliýe merkezine öwürmegi meýilleşdirýärler. 


düýn 17:31
1.1k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:42
2.3k+

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......

düýn 15:39
1.8k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......