Windows 11-de dikeldiş nokatlary iki aýdan pozulyp başlar

  • 26.06.2025 16:31
  • 1.8k+

Microsoft kompaniýasy Windows 11-de dikeldiş nokatlarynyň (Restore point) saklanyş möhletini üýtgetdi. 2025-nji ýylyň iýun aýyndan başlap, 24H2 wersiýasy üçin täze täzelenme girizilenden soň, bu nokatlar indi diňe 60 gün saklanar — öň bu möhlet 90 güne barabardy. Bu barada Microsoft-yň resmi goldaw sahypasynyň "Ulgamy dikeltmek" bölüminiň düşündirişinde aýdylýar.

Bu üýtgeşme ulanyjylaryň indiden beýläk ulgamyň iki aýdan öňki köne ýagdaýyna yzyna dolanyp bilmejekdigini aňladýar diýip, PCWorld belleýär. Täze düzgünler 25H2 ýaly geljekki täzelenmelerde hem ulanylar.
Bu çözgüt esasan hem täzelenme girizilmezden öň awtomatiki usulda dikeldiş nokadyny döretmäge bil baglaýan ulanyjylara täsir eder. Indi bu nokatlaryň has çalt pozuljakdygy sebäpli, Microsoft ulanyjylara häzirki ýagdaýy özbaşdak ýagdaýda ýygy-ýygydan saklamagy maslahat berýär.
Özbaşdak dikeldiş nokadyny döretmek üçin:

  • Windows-yň gözleg meýdanyna “Восстановление” ýa-da “recovery” diýip ýazmaly;
  • Создать точку восстановления” (Dikeldiş nokadyny döretmek) opsiýasyny saýlamaly;
  • Açylan penjirede “Защита системы” (Ulgam goragy) bölümine girip, “Настроить” (Sazlamak) düwmesine basmaly;
  • Включить защиту системы” (Ulgamy goramagy aç) opsiýasyny işjeňleşdirip, tassyklamaly;
  • Soňra dikeldiş nokadyny döretmeli we oňa aýratyn at bermeli (meselem, döredilen senesi bilen).

Şeýlelikde, Windows öňküsi ýaly täzelenmeden öň awtomatiki nokat döretmegi dowam eder, ýöne bu nokatlar indi diňe 60 gün elýeterli bolar. Eger mesele ondan soň ýüze çyksa — düýpli meselelerde hem yza dolanmak mümkin bolmaz.


23.02.2026 13:14
1.3k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.1k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
892

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...