Jeýms Bond hakyndaky indiki filmi "Alaňyň" režissýory Deni Wilnýow düşürer

  • 26.06.2025 16:00
  • 2.1k+

Jeýms Bond baradaky indiki filmi kanadaly režissýor Deni Wilnýow surata düşürer diýip, Variety habar berýär.

Wilnýow “Gelip çykyş” («Прибытие»), “Duşman” («Враг»), “Päkiniň üstünden ylgap barýan 2049” («Бегущий по лезвию 2049») we “Alaň” («Дюна») filminiň iki bölümi bilen tanalýar.
Taslamanyň prodýuserleri hökmünde Emi Paskal, Dewid Heýman hem-de Wilnýowyň ýanýoldaşy Tanýa Lapuant çykyş eder.

“Jeýms Bond häzirki zaman kino sungatynyň iň uly režissýorlarynyň biriniň elinde. Biz 007 agentiň indiki başdan geçirmelerine başlamak üçin sabyrsyzlyk bilen garaşýarys” diýip, Prime Video we Amazon MGM Studios ýolbaşçysy Maýk Hopkins belledi.

Öz gezeginde Wilnýow Amazon MGM Studios-syna ynam üçin minnetdarlyk bildirdi:

“Men Bonduň uly muşdaklarynyň biri. Kino bilen bagly ilkinji ýatlamalarym 007 bilen başlanyp, kakam bilen bilelikde Şon Konneriniň “Doktor Nou” filminden başlap tomaşa edýärdik. Bu meniň üçin mukaddes ýer. Men däp-dessurlary hormatlap, täze missiýalar üçin ýol açmagy maksat edinýärin. Bu uly jogapkärçilik, şol bir wagtda hem örän tolgundyryjy we ägirt uly hormat” diýip, Deadline Wilnýowyň sözlerini getirýär.

Täze filmiň çykjak senesi we baş keşbi ýerine ýetirer aktýoryň ady häzirlikçe mälim däl. Häzirki wagtda ssenariýe üçin adam gözlenýär. Metbugat çeşmeleriniň maglumatyna görä, baş gahryman öňküsi ýaly erkek adam bolmagynda galar we ähtimal, britaniýaly bolar.
Häzirki wagta çenli Jeýms Bond baradaky soňky film — “Ölmek wagty däl” («Не время умирать») — 2021-nji ýylda görkezildi. Ony režissýor Keri Fukunaga surata düşürdi we ol dünýä boýunça $774 milliondan gowrak girdeji gazandy. Filmde öňki dört filmde bolşy ýaly baş roly Daniel Kreýg ýerine ýetirdi. Emma ol indiki filmde bu rola dolanmaz.
Amazon 2022-nji ýylda MGM Studios-y satyn almagyň çäklerinde bondiana degişli hukuklary hem aldy. Muňa garamazdan, franşizanyň doly kontrollygy prodýuserler Maýkl J.Wilson bilen Barbara Brokkolide galýardy. Amazon bu franşizanyň doly hukuklaryny almak üçin 2025-nji ýylyň fewralynda goşmaça 1 milliard dollar tölemeli boldy.


düýn 10:41
1.6k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.5k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.9k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....