Türkmenistanyň DIM-nde Fransiýanyň senatory bilen duşuşyk geçirildi

  • 26.06.2025 11:51
  • 2.7k+

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Fransiýanyň senatory, Fransiýa – Merkezi Aziýa parlament dostluk toparynyň agzasy Samanta Kazebon bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda taraplar parlamentara, hususan-da, Fransiýa-Merkezi Aziýa parlament dostluk toparynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň orny barada belläp geçdiler.
Şeýle-de taraplar iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmegiň wajyplygyny nygtadylar.
Duşuşygyň dowamynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyga, hususan-da iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns çekildi.
M.Bäşimowa türkmen tarapynyň işjeň parlamentara dialogy ösdürmäge bolan taýýarlygyny tassyklady.


düýn 16:07
2.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

31.05.2026 13:30
6.9k+

Fransiýada 3D-printerde Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýy çap edildi

Fransiýada 3D çap tehnologiýasy ulanylyp gurlan Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. 12 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýy üç gatly bina bolup, bary-ýogy 34 günde çap edildi....