SpaceX adaty ýükler bilen birlikde, kosmosa adamlaryň we haýwanlaryň galyndylaryny hem çykardy

  • 25.06.2025 11:59
  • 7.6k+

23-nji iýunda Kaliforniýanyň (ABŞ) Wandenberg kosmodromyndan SpaceX kompaniýasynyň Falcon 9 raketasy uçuryldy. Bu sapar raketa dürli sargytçylaryň 70 sany adaty ýükünden başga-da, adaty bolmadyk ýüki – adamlar bilen öý haýwanlarynyň külünden we DNK-syndan ybarat 150 kapsulany hem orbita çykardy.

Bu çäre Perseverance Flight (“Ygrarlylyk uçuşy”) atly taslamanyň çäginde geçirildi. Ony 1994-nji ýyldan bäri kosmosda hatyralama hyzmatlaryny ýerine ýetirýän Celestis kompaniýasy hem-de Ýewropanyň The Exploration Company bilelikde amala aşyrdy.
Kapsulalar Mission Possible atly ýörite bölüme ýerleşdirildi. Bu enjam Ýeriň daşyndan birnäçe gezek aýlanyp, soňra kapsulalar ýa Ýeriň atmosferasynda ýanyp ýok bolar ýa-da Ýuwaş ummanyna gaçar. Eger gaçsa, olar suwdan çykarylyp, ýakynlaryna yzyna berler.
Bu uçuşa gatnaşanlaryň arasynda adamlar, öý haýwanlary we DNK-sy kosmosa çykarylan iň ýaş ýewropaly bolan 3 ýaşyndaky Matteo Bart hem bar.
Bu waka ilkinji gezek bolup geçýän zat däl – orbitany “kosmos guburlugyna” öwürmäge synanyşyklar mundan ozal hem bolupdy. Celestis mundan öň “Ýyldyzly ýol” (“Star Trek”) teleserialynyň döredijisi Jin Roddenberri bilen aktýor Jeýms Duhanyň simwoliki galyndylaryny hem kosmosa çykarypdy.
Hatyralama kosmos hyzmatlary häzirki wagtda biznese öwrüldi. Celestis bilen birlikde bu ugurda Elysium Space atly kompaniýa hem iş alyp barýar. Olaryň hyzmatlary müşderiniň külüni orbita, Aýa ýa-da Gün ulgamynyň çäginden daşara çykarmagy öz içine alýar. 2024-nji ýylyň ýanwarynda häzirlikçe ýeke-täk gezek Aýa çykaryş missiýasy amala aşyryldy.
Bahalar şeýle:

  • Ýere dolanýan uçuş – $3495
  • Orbita çykarmak – $4995
  • Aýa ýa-da Gün ulgamyndan daşara – $12995-den başlaýar.

Deňeşdirmek üçin, ABŞ-da adaty ýere jaýlamak we kremasiýa hyzmatlarynyň bahasy $7000–12000 aralygynda bolýar.
Falcon 9 raketasynyň ýükleriniň arasynda başga-da birnäçe enjam boldy:

  • Capella Space tarapyndan taýýarlanan Capella-17 radarlary bilen enjamlaşdyrylan ýer synlaýjy hemra;
  • Starfish Space tarapyndan taýýarlanan Otter Pup 2; bu enjam 2025-nji ýylyň ahyrynda hususy hemralaryň orbitada ilkinji gezek birleşmek synagyna gatnaşar;
  • Ilkinji gezek orbitada ýerleşdirilen fotonly kwant kompýuter — onuň ululygy aýakgap gutusy bilen deň, bu enjamyň ýolbaşçylygyny Wenanyň uniwersitetinden Filip Walter alyp bardy;
  • Varda Space kompaniýasynyň kosmosda derman öndürýän we Ýere gaýtaryp getirmegi maksat edinýän dördünji kapsulasy hem bu uçuşda bardy.

19.05.2026 16:54
9.4k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......

15.05.2026 10:31
2.4k+

Özbegistan 2028-nji ýyla çenli älem giňişligine ilkinji kosmonawtyny ibermegi meýilleşdirýär

Özbegistan 2028-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli ilkinji özbek kosmonawtyny älem giňişligine ibermegi maksat edinýär. Bu barada Özbekkosmos agentliginiň direktorynyň orunbasary Muhiddin Ibragimow habar berdi.......

05.05.2026 23:24
3.4k+

Tehasyň ýaşaýjylary raketalaryň sesi zerarly SpaceX-iň üstünden arz etdiler

Tehas ştatynyň ýaşaýjylary raketalaryň synag uçuşlary mahalynda emele gelýän güýçli ses tolkunlarynyň öýlerine zeper ýetirýändigini aýdyp, SpaceX kompaniýasynyň üstünden arz etdiler. Bu barada Texas Tribune......

21.04.2026 12:08
3.6k+

Başgalardan 400 km ýokarda bolanlar üçin geýim: Vast Space kosmonawtlar üçin kostýum döretdi

Vast Space kompaniýasy geljekki Haven-1 täjirçilik orbital stansiýasynda, şeýle hem Halkara kosmos stansiýasyna hususy missiýalarda ulanmak üçin astronawtlara  niýetlenen uçuş eşigini görkezdi. Tanyşdyryş......