Perdýu uniwersiteti öz uçurymlaryndan we işgärlerinden kosmosa ekipaž iberer

  • 25.09.2025 21:02
  • 4.3k+

Perdýu uniwersiteti (Indiana ştaty, ABŞ) 2027-nji ýylda işgärler we uçurymlar toparynyň Virgin Galactic kompaniýasynyň kosmoplanynda suborbital uçuşa iberiljekdigini habar berdi. Bu taryhda sap uniwersitet ekipažynyň ilkinji uçuşy bolup, Perdýunyň resmi däl “kosmos uniwersiteti” adyny berkider diýip, Space.com ýazýar.

Missiýa Purdue 1 adyny aldy. Uniwersitet topary häzirki Unity-nyň ornuny çalyşjak täze Delta kosmoplanynda uçar. Ol ýönekeýleşdirilen tehniki hyzmaty we ýokary howpsuzlygy bilen tapawutlanýar.
Gämi üýtgedilen Boeing uçarynyň ganatyna berkidilip uçurylýar, soňra ol uçardan aýrylýar, reaktiw hereketlendirijileri işläp başlaýar we kosmoplan, takmynan, 80 km ýokaryk galýar. Bu belentlikde agramsyzlyk şertleri hereket edýär. Şondan soň ol adaty uçar ýaly uçuş-gonuş zolagyna gonýar.
Ekipažda iki uçarman we bäş ýolagçy bolar: professor S. Kollikott, aspirant A.Mizzi, uçurym J.Uilýamson we entek ady mälim bolmadyk ýene iki uçurym. Bir ýeri tejribeler üçin enjamlar eýelär. Kollikott kosmos ulgamlaryny optimizirlemek üçin agramsyzlyk şertlerinde suwuklyklaryň hereketini, Mizzi bolsa geljekki dowamly missiýalar üçin suwuklyk üýtgemelerini öwrener.
Perdýu uniwersitetiniň kosmos giňişliginde uzak taryhy bar: 28 uçurym eýýäm uçdy ýa-da astronawt hökmünde saýlandy, olaryň arasynda “Apollon” missiýasyna gatnaşyjylar we täze dalaşgärler hem bar. Uçuş dürli çeşmeler tarapyndan maliýeleşdirilýär: Kollikottyň ýeri NASA tarapyndan Flight Opportunities maksatnamasy boýunça tölenildi, Mizziniň uçuşy bolsa uniwersitet tarapyndan ýygnalan haýyr-yhsan serişdeleriniň hasabyna tölenildi, galan gatnaşyjylar öz hasabyna uçar.  


19.05.2026 16:54
9.6k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......

15.05.2026 10:31
2.4k+

Özbegistan 2028-nji ýyla çenli älem giňişligine ilkinji kosmonawtyny ibermegi meýilleşdirýär

Özbegistan 2028-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli ilkinji özbek kosmonawtyny älem giňişligine ibermegi maksat edinýär. Bu barada Özbekkosmos agentliginiň direktorynyň orunbasary Muhiddin Ibragimow habar berdi.......

21.04.2026 12:08
3.6k+

Başgalardan 400 km ýokarda bolanlar üçin geýim: Vast Space kosmonawtlar üçin kostýum döretdi

Vast Space kompaniýasy geljekki Haven-1 täjirçilik orbital stansiýasynda, şeýle hem Halkara kosmos stansiýasyna hususy missiýalarda ulanmak üçin astronawtlara  niýetlenen uçuş eşigini görkezdi. Tanyşdyryş......

11.04.2026 10:28
4k+

Artemis II missiýasy tamamlandy: Aýa aýlanyp gaýdan «Orion» sag-aman Ýere gondy

NASA-nyň «Orion» kosmos gämisi «Artemis II» missiýasynyň ekipažy bilen Ýere sag-aman dolanyp geldi. Soňky 50 ýyldan gowrak wagtyň içinde ilkinji gezek adamlaryň gatnaşmagynda Aýa uçup, yzyna dolanylmagy bu......