Microsoft kwant ýadyny 1000 esse ygtybarly etmegiň usulyny tapdy

  • 25.06.2025 11:10
  • 2.2k+

Microsoft-yň barlagçylary dört ölçegli kodlar diýlip atlandyrylýan kwant kompýuterleri üçin täze ýalňyş düzediş ulgamyny hödürlediler. Ol, adaty usullar bilen deňeşdirilende, ýalňyşlyklaryň sanyny müň esse azaltmaga mümkinçilik berýär diýip,  Live Science ýazýar.

Klassiki kompýuterler bökdençliklerden goramak üçin maglumatlary dublikat etmegi ulanýarlar, ýöne kwant ulgamlarynda bu mümkin däl: kwant bitleri ýa-da kubitler, ýagdaýyny ýok etmezden göçürip ýa-da ölçäp bolmaýar. Mesele, adatça, logiki bilen baglanyşykly kömekçi fiziki kubitleri ulanmak arkaly çözülýär. Emma bu usul ep-esli çeşmeleri talap edýär we ýeterlik giňäp bilmeýär.
Alymlar alternatiw çemeleşmäni teklip etdiler. Olaryň usuly "öwrümli" häsiýetli tora meňzeýän dört ölçegli geometriýany ulanýar. Bu müň esse az serişdäni ulanyp, ýalňyşlary barlamagy bir geçende ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Ulgam enjamyň işini bozmazdan, has uly kwant ýagdaýyny öz içine alýar.
Tehnologiýa eýýäm hakyky kwant kompýuterlerinde synagdan geçirildi. Deslapky netijeler arXiv platformasynda çap edildi we makalalar entek gözden geçirilmese-de, ylmy jemgyýetde gyzyklanma döretdi.
Şeýle hem alymlar hasaplama prosesinde ýitirilen kubit atomlaryň ornuny  doldurmagy başardylar. Atom şöhlesini ulanyp, olar ulgamy bozmazdan häzirki wagtda kwant bit massiwiniň “üstüni doldurdylar”. Bu has durnukly kwant maşynlaryny döretmekde möhüm ädim bolup biler.


17.03.2026 16:47
884

Windows 11-i täze arzan MacBook Neo-da işletmek başartdy

Parallels programma üpjünçiligini işläp düzüjiler wirtual maşyn arkaly Windows 11 operasion ulgamyny arzan MacBook Neo noutbugynda işledip bolýandygyny habar berdi. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, «Parallels» programmasy enjama bökdençsiz gurnalýar, wirtual maşynlar bolsa durnukly işleýär...

02.03.2026 11:03
1.5k+

Starlink Microsoft-a internet elýeterliligi boýunça global deňsizligi azaltmaga kömek eder

Microsoft kompaniýasy bütin dünýäde 299 million adamyň internete birikmegini üpjün etdi. Bu ugurdaky başlangyçlary dowam etdirmek üçin korporasiýa Starlink bilen hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşdy diýip, kompaniýanyň resmi blogunda habar berilýär...

20.02.2026 12:27
869

Microsoft we Ericsson PK-larda hemişelik 5G birikmesi üçin tehnologiýalaryny birleşdirýärler

​Microsoft we Ericsson kompaniýalary emeli aň goldawy bolan Windows 11 operasion ulgamly kompýuterlerde 5G tehnologiýalaryny has çuňňur integrasiýa etmek boýunça bilelikde işleýändiklerini yglan etdiler. Täze başlangyç korporatiw noutbuklarda mobil ulgamlary ulanmagy ýönekeýleşdirmäge gönükdirilendir...

17.10.2025 00:39
2.5k+

Microsoft realistik suratlary döredýän täze MAI-Image-1 generatoryny tanady

Microsoft kompaniýasy özüniň emeli aň esasynda işleýän ilkinji şekil generatory — MAI-Image-1 modelini hödürledi. Bu dolulygyna korporasiýanyň içinde işlenip düzülen we tekstdäki düşündirişe görä ýokary hilli, hakykata ýakyn suratlary döretmäge mümkinçilik berýän ulgamdyr...