Çilide dünýäniň iň uly teleskopyndan alnan ilkinji suratlar görkezildi

  • 24.06.2025 11:54
  • 6.9k+

Çiliniň Wera Rubin adyndaky obserwatoriýasyndaky dünýäniň iň uly teleskopy gijeki asmanyň ilkinji suratlaryny ýaýratdy. Serro-Paçon dagynyň El-Penýon gerşinden alnan suratlar görlüp-eşidilmedik gerimdäki millionlarça ýyldyzlaryň we galaktikalaryň ýagtylygyny görkezýär.

Obserwatoriýa ABŞ-nyň goldawy bilen 10 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda guruldy. Teleskop üstümizdäki ýylyň ýazynda işläp başlady.

"Onuň şeýle bir giň syn ediş meýdany bar we kadrlary şeýle bir çalt çalyşýar, göýä, gijeki asmana seredip filme tomaşa edýän ýaly" – diýip, obserwatoriýanyň ylmy işgäri doktor Sandrin Tomas belledi.

Neşir edilen suratlaryň birinde Akmaýanyň ýolunda ýerleşýän Üçaýry we Laguna ýyldyzlar toplumlary görünýär.


Teleskopyň işiniň ilkinji ylmy netijeleriniň arasynda 2104 asteroidiň, şol sanda Ýere ýakyn ýedi asteroidiň tapylmagyny bellemek bolar. Bu obýektler öň Gün ulgamynda bellige alynmandyr. Alymlaryň bellemegine görä, olaryň hiç biri-de Ýere howp salmaýar. CNN bu asteroidleriň şekilleriniň soň çap ediljekdigini takyklaýar.


şu gün 00:18
325

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny (AES) döretmegi meýilleşdirýär. Bu wezipe Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kosmos işi ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esaslary baradaky......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

26.06.2026 15:40
2.1k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 08:02
2.4k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......