Türkmenistanda arap diliniň fonetikasy we maglumat tehnologiýalary boýunça täze okuw kitaplary çykaryldy

  • 24.06.2025 00:28
  • 4.8k+

Türkmen döwlet neşirýat gullugy Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň teklibi boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri we umumy bilim berýän orta mekdepleri üçin täze okuw kitaplaryny çykardy.

“Arap diliniň fonetikasy” okuw kitaby ýokary hünär derejeli dilçileri we terjimeçileri taýýarlamak, Türkmenistanda daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny kämilleşdirmek, okatmagyň hilini ýokarlandyrmak, döwrebap usulyýetleri we tehnologiýalary ornaşdyrmak, umuman, bilim berlişiniň mazmunyny baýlaşdyrmak boýunça ylym we bilim ulgamynda ileri tutulýan wezipelere laýyklykda taýýarlanyldy. 
G.Gurbannazarowanyň täze kitaby ýokary okuw mekdeplerde arap dilini öwrenýän talyplara hem-de gyzyklanma bildirýän ähli okyjylara niýetlenilendir. Bu okuw kitaby arap diliniň häzirki zaman fonetika kadalaryny we aýratynlyklaryny has çuňňur öwrenmek maksady bilen okuw maksatnamasynyň esasynda taýýarlanyldy. 
Kitap taýýarlanylanda awtor tarapyndan türkmen we daşary ýurtly dilçileriniň, alymlarynyň arap diliniň fonetikasyna bagyşlanylan dürli işleri ulanyldy. Kitapda dil hakynda gymmatly maglumatlar, düzgünler, tekstler hem-de türgenleşme mysallary jemlenilipdir. 
“Maglumat-kommunikasiýa we innowasion tehnologiýalar” okuw kitaby awtorlar M.Çüriýew, D.Çaryýewa, M.Annaýew tarapyndan ýurduň rus diline ýöriteleşdirilen umumy bilim berýän orta mekdepleriniň XII synplary üçin taýýarlanyldy. 
Kitabyň mazmunynda “Habarlar we maglumat işi”, “Kompýuter maglumat tehnologiýalary”, “Kommunikasiýa tehnologiýalary”, “Maglumat howpsuzlygy”, “Innowasion tehnologiýalar”  diýen bölümler boýunça toparlara bölünen işler yzygiderli beýan edilipdir. 
Okuw kitabynda maglumat ulgamlarynyň we tehnologiýalarynyň esasy düşünjelerine we ýerine ýetirýän wezipesiniň ähmiýetine, kommunikasiýa torlaryny gurmagyň esasy ýörelgelerine, dürli simsiz tehnologiýalaryň iş usullaryna garalypdyr. Bu kitabyň kömegi bilen okuwçylar kompýuter we sanly tehnologiýalary howpsuz ulanmak, kiberhüjümleri tanap bilmek, ýüze çykarmak we olaryň öňüni almak boýunça ilkibaşlangyç çäreleri görmek başarnyklaryny ele alyp bilerler. 
Alnan bilimleri barlamak üçin kitapda ýerleşdirilen sowallar hem-de amaly işler okuwçylara öwrenilenleri berkitmäge we temalara degişli düşünjeleri giňeltmäge kömek eder.  


02.06.2026 20:35
3.7k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.1k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......