Tesla Tehasda robotaksi hyzmatyny işe girizdi – ýöne hemmeler üçin däl

  • 24.06.2025 00:10
  • 6.5k+

Tesla kompaniýasy Tehas ştatynyň Ostin şäherinde çäklendirilen sürüjisiz taksi hyzmatynyň işe girizilendigini habar berdi.

“Tehas ştatynyň Ostin şäherinde Tesla Robotaxi gatnap başlady” – diýlip, kompaniýanyň resmi X akkauntynda aýdylýar.

Häzirlikçe täze hyzmatdan diňe kompaniýadan ýörite çakylyk alan ulanyjylar peýdalanyp biler. Gatnaw 10-20 awtomobilden köp bolmadyk geozolaklarda elýeterli bolar. Taksi ýörite programma arkaly çagyrylýar. Hyzmat her gün ýerli wagt boýunça 6:00-dan ýarygijä çenli işleýär.
Gatnawyň bahasy 4,20 dollara barabar. Kompaniýa şeýle bahany düşündirmedi, ýöne bu sanyň (4-2-0) ozal Ilon Mask tarapyndan şahsy islegleri bilen baglylykda ulanylandygy belli.
Howpsuzlygy ýokarlandyrmak üçin öňdäki ýolagçy oturgyjynda Tesla-nyň işgäri bolýar. Ol zerur bolan ýagdaýynda ulagy gyssagly saklap ýa-da gyra gönükdirip biler.
Bellenilişi ýaly, Milli ýol hereketiniň howpsuzlygy edarasy (NHTSA) ozal Tesla-nyň robotaksiniň howpsuzlygyna degişli iberilen soraglara beren jogaplaryny öwrenmegi dowam etdirýär.
Ýakynda Tehasda awtonom awtomobilleri ulanmaga ygtyýarnama talap edýän kanun kabul edildi. Ol 1-nji sentýabrda güýje girer. Kanun dördünji awtonomlyk derejesi bolan ulaglaryň ulanylmagyna rugsat berýär. Tesla-nyň ulgamlary bolsa ikinji derejeli hökmünde kesgitlenýär. Talaplara laýyk gelmek üçin, Tesla dolandyryşy öz üstüne almaga taýýar bolan operatorlar toparyny ulanýar.
Awtonomlygyň 4-nji derejesini Google-a degişli bolan Waymo robotaksisi tassykladyp bildi. Ol eýýäm birnäçe şäherde, şol sanda Ostinde işleýär. Kompaniýa hasam giňelmegi meýilleşdirýär. Waymo awtoparkynda 1500 töweregi Jaguar I-Pace awtomobilleri bar.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

05.06.2026 15:49
4.7k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 19:03
9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......