Stellantis tormoz bilen bagly mesele sebäpli Peugeot, Citroen, DS we Opel modellerini yzyna çagyrýar

  • 23.06.2025 13:20
  • 2.5k+

Stellantis kompaniýalar topary tormoz ulgamyndaky näsazlyk sebäpli birnäçe Peugeot, Citroen, DS we Opel modelleriniň yzyna çagyrylandygyny habar berdi. Mesele elektron tormoz dolandyryşy (EBS) ulgamyndaky alýumin klapan blogy bilen baglanyşykly. Bu 2024-nji ýylyň maý-awgust aýlary aralygynda öndürilen awtoulaglara degişlidir.

Ýewropanyň Safety Gate we RappelConso howpsuzlyk platformalarynyň habaryna görä, bu kemçilik ABS we EBD ulgamlarynyň işlemezligine getirip, çap platasyna tormoz suwuklygynyň syzmagyna sebäp bolup biler. Bu, esasanam, agyr ýagdaýlarda heläkçiligiň ýüze çykmak töwekgelçiligini ýokarlandyrýar.
Yzyna çagyrylýan modellere Citroen C4 we C4 X (29-njy maýdan 5-nji iýun aralygynda öndürilen), Peugeot 208 we 2008 (26-njy maý - 6-njy iýun), DS 3 Crossback (25-nji maý - 6-njy iýun), Opel / Vauxhall Corsa we Mokka (24-nji maý - 27-nji awgust) degişlidir.
Awtoulag eýelerinden bellige alyş şahadatnamasynyň K sütünindäki belgi boýunça yzyna çagyryşa gatnaşýandyklaryny barlamak haýyş edilýär. Stellantis kemçilikleri resmi dellallaryňkyda mugt aradan aýrar.


09.10.2025 18:18
8.8k+

2025-nji ýylyň iň ygtybarly we meseleli awtomobilleri belli boldy

WhatCar awtožurnalynyň hünärmenleri awtomobilleriň ygtybarlylygy boýunça 2025-nji ýylyň reýtingini düzdi. Pikir soraşma 32 000 ulag eýesi gatnaşdy. Olar iki ýyl bäri ulanylyp gelinýän ulaglarynda ýüze çykan döwükler we näsazlyklar barada gürrüň berdi...

27.09.2025 19:12
9.7k+

Opel Grandland-e çyralar arkaly pyýadalar bilen "dil tapyşmany" öwretdiler

Stellantis konserni Opel Grandland krossoweriniň täze nusgasyny tanyşdyrdy. Ol pyýadalar we ýol hereketine gatnaşýan beýleki adamlar bilen ýagtylyk arkaly aragatnaşyk saklap bilýär. Ulag üçünji derejeli «awtopilot» ulgamy, kameralar we ýagdaýy seljerip, ýol hereketindäki «meýilleri çaklaýan» emeli aň bilen enjamlaşdyryldy...

19.09.2025 14:53
2.7k+

755 müňden gowrak Opel, Peugeot, Fiat we Citroën ýangyjyň syzyp bilmegi sebäpli yzyna gaýtarylýar

Maserati, Chrysler we Jeep brendlerini öz içine alýan Stellantis konserni ýangyjyň syzmak töwekgelçiligi sebäpli bütin dünýäde 755 müňden gowrak awtomobili yzyna gaýtarýar. Bu mesele ýangyna getirip biler diýip, Bild gazeti habar berdi...

31.08.2025 08:52
7.2k+

Opel pikirini üýtgedip, içinden ýandyrylýan hereketlendirijili ulaglaryny aýyrmaga howlukmaz

Germaniýanyň Opel awtoulag öndürijisi içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglaryny önümçilikden aýyrmak baradaky meýilnamasyna täzeden garady. Bu barada ITHome portaly habar berýär. Iki ýyl ozal kompaniýa 2025-nji ýyldan başlap ähli täze modelleriň elektrikli görnüşde öndüriljekdigini we 2028-nji ýyla çenli Ýewropada diňe elektrik ulaglarynyň satyljakdygyny mälim edipdi...