Türkmenistanyň 14 sany ýokary okuw mekdepleri «THE Impact Rankings-2025» dünýä reýtinginiň sanawyna girdi

  • 23.06.2025 01:32
  • 10k+

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 14-si «THE Impact Rankings-2025» atly her ýyl çap edilýän täsir etmegiň ählumumy reýtinginiň ýedinji neşirinde orun aldy. Bu ýokary okuw mekdepleri «Times Higher Education (THE)» Britan guramasynyň garaşsyz halkara bilermenleriniň ykrarnamasyna eýe boldular.

Türkmenistanyň aşakdaky ýokary okuw mekdepleri ýokary durnukly ösüş görkezijilerini görkezdiler:

  • Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti,
  • Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti,
  • Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty,
  • Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty,
  • Türkmen oba hojalyk instituty,
  • Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty,
  • Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty,
  • Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti,
  • Türkmen döwlet maliýe instituty,
  • S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti,
  • Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty,
  • Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti,
  • Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti,
  • Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty.

«THE Impact Rankings» reýtingi 2019-njy ýyldan bäri geçirilýär hem-de netijeliligiň esasy ählumumy sanawy bolup durýar. Şonda uniwersitetlere Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kesgitlenilen we durmuş-ykdysady ösüş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen 17 Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) gazanylmagy boýunça baha berilýär.
Täsir etmegiň ählumumy reýtingi ählumumy durnukly ösüşe ýardam etmekde hemmetaraplaýyn artyklygyny görkezýän uniwersitetleri kesgitleýär we belleýär. Dürli DÖM-lerde üstünlik gazanyp, uniwersitetler ykdysady durnuklylyk, köptaraply durmuş, ykdysady ösüş we DÖM-i gazanmakda netijeli hyzmatdaşlyk bilen birlikde, dünýäniň wajyp meselelerini çözmäge ygrarlydyklaryny görkezýärler.
«THE Impact Rankings-2025»-e  girizilen türkmen ýokary okuw mekdepleri 17 DÖM-iň ählisini diýen ýaly gazanmaga işjeň we anyk hereketli  gatnaşýandyklaryny görkezdiler. Şolaryň hatarynda «Bilimiň hili», «Elýeterli we arassa energiýa», «Senagat, innowasiýalar we infrastruktura», «Gender deňligi»,  «Gury ýerleriň ekoulgamyny goramak», «Saglyk we abadançylyk», «Arassa suw we arassaçylyk», «Mynasyp iş we ykdysady ösüş», «Durnukly şäherler we ilatly ýerler», «Maksatlary gazanmak üçin hyzmatdaşlyk» baradaky maksatlar we beýlekiler bar.
Şu ýyl dünýä reýtinginde BMG-niň DÖM-iň gazanylmagynda ýeten ösüşleri esasynda 130 ýurtdan we çäklerden uniwersitetleriň 2526-sy görkezildi.


12.05.2026 20:28
1.4k+

Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň uniwersitetleri akademiki hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy

Tokio şäherinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen Tokio daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň prezidentiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň......

08.05.2026 22:36
3k+

Türkmen talyplary Sankt-Peterburgdaky halkara matematika olimpiadasynda baýrakly orunlary eýeledi

Sankt-Peterburgyň ITMO uniwersitetiniň binýadynda geçirilen Demirgazyk ýurtlaryň uniwersitetleriniň XII halkara matematika olimpiadasynda (NCUMC-2026) türkmen talyplary uly üstünlik gazandy. Bäsleşik......

08.05.2026 12:46
1.4k+

Türkmenistan Skopýede geçirilen demografik durnuklylyk boýunça maslahata gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Makedoniýanyň paýtagty Skopýe şäherinde geçirilen Demografik durnuklylyk boýunça «Leading Change: People-centered paths to demographic resilience» atly sebit ministrler maslahatyna......

01.05.2026 23:32
10k+

Türkmenistanda geljekki birinji synp okuwçylaryna kompýuter sowgat bermek däbi dowam etdiriler

Türkmenistanda täze okuw ýylynda umumybilim berýän orta mekdepleriň birinji synpyna okuwa kabul edilýän okuwçylara noutbuk kompýuterleri sowgat bermek boýunça asylly däp dowam etdiriler. Degişli Karara anna......