Samsung smartfonlarynda täze funksiýa ilkinji sarsgynlardan öň ýertitremeler barada duýdurar

  • 22.06.2025 11:38
  • 3.4k+

Samsung kompaniýasy Google-dan tapawutlylykda has köp mümkinçilikleri hödürleýän ýertitremeler barada hususy duýduryş ulgamyny işläp taýýarlaýar. One UI 8-iň beta-wersiýasynda seýsmiki hadysalar barada duýduryş funksiýasy ýüze çykaryldy.

Bu ulgam sarsgynlar ulanyjynyň ýerleşýän ýerine ýetmezden öň, ýertitremeleri kesgitlemäge we duýduryş bermäge ukyplydyr. Duýduryş ses signaly bilen birlikde ekrany doly tutýan habar görnüşinde peýda bolar.
Eýýäm Android-e gurnalan Google-yň ulgamyndan tapawutlylykda, Samsung birnäçe özboluşly funksiýany goşdy. Ulanyjylar duýduryşlary öňünden synap görüp, öňki duýduryşlary saklap galyp biler. Şeýle-de, günüň wagtyna we ýertitremäniň güýjüne baglylykda duýduryşlary sazlap bolýar.
Ýene bir funksiýa golaýdaky gaçybatalgalaryň sanawyny, şeýle-de gurluşyň eýesi barada maglumatlary we onuň lukmançylyk maglumatlaryny görkezmekdir. Bu zerur ýagdaýlarda halasgärler üçin peýdaly bolup biler.
9to5Google-yň habar bermegine görä, häzirlikçe Samsung-yň täze ulgamynyň netijeliligine baha bermek kyn. Häzirki wagtda Google-yň programmasy has hemmetaraplaýyn çözgüt bolup galýan bolsa gerek. Ýöne Samsung-yň ulgamyndaky käbir funksiýalar peýdaly görünýär – mysal üçin, duýduryşlary synap görmek ýa-da gyssagly maglumaty awtomatik görkezmek mümkinçiligi.
Bellenilişi ýaly, hususy ulgamyň döredilmegi Google-yň hyzmatlarynyň käbir ýurtlarda, mysal üçin, Hytaýda elýeterli bolmazlygy bilen baglanyşykly bolup biler.


12.05.2026 14:43
7.2k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

03.04.2026 20:20
7.4k+

Saharadan gelen gyzgylt ümür Türkiýäniň günorta kenaryny gurşap aldy

Afrikadan gelen çäge tozany Türkiýäniň günorta sebitlerine-de baryp ýetdi. Bu tebigy hadysa sebäpli asman adaty bolmadyk mämişi reňke bürendi we birnäçe şäherlerde aralyklary görmek kynlaşdy diýip, Anadolu......