Kia 2026-njy ýylyň täzelenen K5 we K8 sedanlaryny tanyşdyrdy

  • 21.06.2025 17:12
  • 5.4k+

Kia kompaniýasy flagman sedanlarynyň – 2026-njy ýylyň K5 we K8 modelleriniň täzelenen görnüşlerini hödürledi. Awtoulaglaryň ikisi hem täze «Best Selection» atly toplum bilen çykýar. Täze görnüş giňeldilen enjamlary bilen tapawutlanýar.

2026-njy ýylyň K5 modeli indi çaknyşyklaryň öňüni alyş ulgamy, uýgunlaşdyrylýan kruiz-kontrol, LED faralar, proýeksion çyralar, nawigasiýaly multimediýa ulgamy we ergonomikasy gowulaşdyrylan salon bilen enjamlaşdyrylýar.
K8 modeli bolsa yzky penjireler üçin goşmaça ses izolýasiýasy, kämilleşdirilen atmosferik yşyklandyryş, ýokary derejeli oturgyçlar, daş töweregi doly görkezýän kameralar, awtomatiki duralga kömekçi ulgamlary we howpsuzlygyň işjeň serişdeler toplumy bilen üpjün edilýär.
Kia K5-iň bahasy 27,24 mln wondan (takmynan, 19,8 müň dollardan), K8-iňki bolsa 36,79 mln wondan (takmynan, 26,7 müň dollardan) başlaýar. Bu modeller orta we premium derejeli awtoulag gözleýän müşderiler üçin niýetlenendir. Şeýle hem Kia iýul aýynyň ahyryna çenli awtoulag satyn alan müşderilere arzanladyşlary we hyzmat boýunça aýratyn höweslendirmeleri hödürleýär.


09.05.2026 12:43
3.2k+

5 orunlyk Kia PV5 Passenger öndürijiniň garaşanyndan has meşhur bolup çykdy

Kia kompaniýasy Beýik Britaniýada täze PV5 Passenger elektrik furgonynyň bäş orunlyk görnüşine duýdansyz ýokary islegi hasaba aldy....

07.05.2026 11:29
2.8k+

ABŞ-da Kia Sportage modeliniň gibrid görnüşiniň satuwy iki esseden gowrak artdy

Kia kompaniýasy aprel aýynda ABŞ-nyň bazarynda satuwyň az-kem peselendigini hasaba aldy, emma gibrid modellere bolan isleg ep-esli artdy. Bir aýyň dowamynda jemi 72 703 awtoulag satyldy, geçen ýylyň degişli......

20.04.2026 17:11
4k+

Kia we Genesis ýangyç syzma töwekgelçiligi sebäpli 235 müňden gowrak awtomobilini yzyna çagyrýar

Kia we Genesis kompaniýalary ýangyç ulgamynda ýüze çykan kemçilik sebäpli 235 792 sany awtomobili yzyna çagyrmak barada karara geldiler. Bu kemçilik benziniň syzmagyna we netijede ulagyň ot almagyna sebäp......

15.04.2026 10:47
2.6k+

Kia elektromobilleriň rekord satuwyna garamazdan, Sportage bilen Sorento-nyň benzinli görnüşlerini saklap galar

Kia kompaniýasy, heniz isleg barka, meşhur Sportage we Sorento modellerini içinden ýandyrylýan hereketlendirijiler bilen öndürmegini dowam eder....