Filadelfiýada we Dallasda ilkinji Netflix House tematiki toplumlary peýda bolar

  • 20.06.2025 17:33
  • 2.1k+

Netflix akym hyzmaty ilkinji Netflix House dynç alyş toplumlarynyň 2025-nji ýylyň ahyrynda açyljakdygyny habar berdi. Bu barada The Verge ýazýar.

Toplumlar öňki söwda merkezleriniň binalarynda açylar. Olaryň biri Filadelfiýadaky King of Prussia Mall-da, ikinjisi Dallasdaky Galleria Dallas-da ýerleşer.
Dallasda myhmanlara Netflix-iň “Kalmar oýny”, “Gaty geň işler” ýaly seriallaryna we filmlerine bagyşlanan bezegler garaşýar. Toplumda “fiziki synaglary, täsirli sýužet otaglaryny we retro stilinde oýunlary” hödürleýän Netflix RePLAY zaly bolar, bu ýerde topar bolup oýnamak ýa-da dostlaryň bilen bäsleşmek bolýar.
Filadelfiýadaky Netflix House “Uensdeý”, “Wan-Pis”, “Brijertonlar”, “Pyçaklary çykarmak” we “Kagyz öý” taslamalaryna bagyşlanar. Ol ýerde VR oýunlar, mini-golf, wiktorinalar we beýleki güýmenjeler gurnalar.
Netflix House-y gurmak meýilnamalary barada 2023-nji ýylda belli boldy. Desgalaryň açylyş senesi heniz yglan edilmedi. 2027-nji ýylda kompaniýa Las-Wegasda üçünji seýilgähi işe girizmegi meýilleşdirýär.


24.05.2026 14:30
1.9k+

Anime we manga muşdaklary Aziýada syýahatçylygyň ösmegine uly itergi berýär

Aziýa ýurtlarynda «anime syýahatçylygy» diýlip atlandyrylýan täze akym durnukly ösmegini dowam edýär. Meşhur «Trip.com» platformasynyň maglumatlaryna görä, diňe soňky bir ýylyň dowamynda anime we manga......

16.05.2026 13:25
5.5k+

2026-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin Sietlde suwda ýüzýän fan-zona açylar

Sietlde 2026-njy ýylyň 11-nji iýunyndan 6-njy iýulyna çenli futbol boýunça dünýä çempionatynyň suwda ýüzýän fan-zonasy hereket eder. «Seattle Soccer Celebration» atly bu taslama Elliott aýlagynyň suwunda,......

26.01.2026 13:11
2k+

Southwest Airlines ABŞ-nyň iň gowy awiakompaniýalarynyň reýtinginde birinji boldy

«The Wall Street Journal» amerikan gazeti ABŞ-nyň iň uly awiakompaniýalarynyň ýyllyk reýtingini hödürläp, dokuz awiagatnadyjynyň iş görkezijilerine baha berdi. Ýylyň jemi boýunça ýolagçy sany nukdaýnazaryndan ýurduň iň uly içerki awiakompaniýasy bolan Southwest Airlines öňdebaryjy hökmünde saýlandy...

19.12.2025 17:21
15k+

ABŞ grin-kart utuş maksatnamasyny dolulygyna togtadýandygyny yglan etdi

ABŞ-nyň hökümeti raýatlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen immigrasiýa wizalaryny (DV1) utuş maksatnamasyny gyssagly ýagdaýda togtatmak barada çözgüt kabul etdi. Donald Trampyň degişli buýrugy barada ýurduň içerki howpsuzlyk ministri Kristi Noem habar berdi...