Russiýanyň öňdebaryjy uniwersitetleri okuw tölegini galdyrdylar. Käbir ugurlarda tölegler 60%-e çenli ýokarlandy

  • 20.06.2025 16:35
  • 6.9k+

2025-nji ýylda Russiýanyň öňdebaryjy uniwersitetleri täjirçilik esasynda okuw töleglerini ep-esli ýokarlandyrdy. Wedomosti neşiriniň maglumatlaryna görä, RAEX-iň reýtingindäki 10 uniwersitetiň ýedisinde okuwyň bahasy, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, azyndan 25% galdy. Esasanam, IT we inženerçilikden başlap, lukmançylyk we hukuk ýaly meşhur ugurlar gymmatlady.

Bahalar Moskwa Fizika we Tehnologiýa institutynda (MIPT) has hem ýokarlandy. Amaly matematika we informatika programmasynda okuwyň bahasy 64% ýokarlandy, ýagny 467 müňden rubl bolanlygyndan 767 müň rubla çenli galdy. Fizika we tehnologiýa bilen baglanyşykly beýleki üç programma 48% ýokarlandy.
M.W. Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersitetinde (MSU) “Umumy lukmançylyk” programmasynda bahanyň 40% (734 müň rubla çenli) we "Gündogary öwreniş we Afrikany öwreniş" ugrunda bolsa  32% (620 müň rubla çenli) ýokarlanandygy hasaba alyndy.
“Amaly matematika we informatika” programmasy boýunça okuw tölegleri N.E. Bauman adyndaky Moskwa döwlet tehniki uniwersitetinde (20%, 549 müň rubla çenli), MIFI-de (26%, 440 müň rubla çenli) we SPbGU-da (31%, 302 müň rubla çenli) ýokarlandy. MIFI-de “tehniki fizika” we “fizika” ugurlary hem gymmatlady, olar degişlilikde 26% we 25% galdy.
RANHiGS-da “ykdysadyýet” maksatnamasynyň bahasy 30% (570 müň rubla çenli), Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetinde bolsa 41% ýokarlandy (472 müň rubla çenli). Maliýe uniwersitetinde “maglumat howpsuzlygy” ugry boýunça okuw 30% (435 müň rubla çenli), "mahabat we jemgyýetçilik gatnaşyklary" ugry 20% galdy (565 müň rubla çenli).
Ýokary ykdysadyýet mekdebinde we MGIMO-da okuw tölegleri känbir gymmatlamady. Birinjisinde “ykdysadyýet” ugry 15% (770 müň rubla çenli) gymmatlady, ikinjisinde “žurnalistika” 760 müň rubla çenli galdy.
Köp ýokary okuw mekdepleri bu gymmatlaşygy infrastruktura, sanlylaşdyrma, mugallymlaryň aýlygyna çykdajylaryň artmagy we programmalaryň täze bazar talaplaryna uýgunlaşmasy bilen düşündirýär. Bilim bazarynda bahalaryň ýokarlanmagy günbatar grantlarynyň yzyna alynmagy we döwlet goldawynyň azalmagy bilen baglanyşyklydyr, uniwersitetler ýitirilen girdejiniň öwezini talyplaryň hasabyna dolýar.


düýn 19:33
4.3k+

Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okuw tölegleri bir ýylda 10,7% gymmatlady

Russiýanyň uniwersitetlerinde okuw tölegleri bir ýylyň dowamynda ortaça 10,7% ýokarlandy. Bu barada Russiýanyň Ylym we ýokary bilim ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp, «Kommersant» gazeti habar berýär....

21.05.2026 10:38
1.8k+

Oguz han adyndaky ITU-nyň talyplary halkara kiber bäsleşiginde uly üstünlik gazandy

Russiýa Federasiýasy tarapyndan GDA agza ýurtlaryň arasynda geçirilen «Sanly ulgam üçin hünärmenler. Kiber meýdançasynda ýaryş görnüşinde gutarnykly taslama-konstruktorçylyk çözgütlerini döretmek» atly halkara......

26.04.2026 20:55
3.5k+

Türkmenistan we Russiýa ylym-bilim ulgamynda täze bilelikdäki taslamalary kesgitledi

21–22-nji aprelde Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Moskwa şäherinde saparda boldy we rus hyzmatdaşlary bilen......

10.03.2026 18:21
5.3k+

Moskwa döwlet lingwistik uniwersitetinde türkmen dili okadylyp başlanar

Moskwa döwlet lingwistik uniwersiteti (MDLU) türkmen dilini esasy bilim maksatnamalaryna girizmegi meýilleşdirýär. THP-niň habar bermegine görä, bu mesele ýokary okuw mekdebiniň rektory Irina Kraýewa bilen Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynyň geňeşçisi Serdar Durdyýewiň arasynda geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy...