Täze Tesla Model X 2026 dizaýn taýdan kämilleşdi, has rahat boldy we geçýän menzili artdy

  • 19.06.2025 13:59
  • 6.3k+

Tesla dizaýn, aerodinamika taýdan has kämilleşen we has rahat bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen Model X ulagyny hödürledi.

Esasy üýtgeşmeleriň biri kuzowyň täze sowuk gök reňki – Frost Blue Metallic boldy. Şeýle-de, awtomobiliň öň bamperi, faralary üýtgedildi we täze aerodinamiki diskler oturdyldy.
Bu kämilleşdirmeleriň netijesinde Long Range wersiýasy indi bir zarýadda 566 km çenli ýol geçip bilýär.
Asgyç (podweska) hem kämilleşdirildi. Bu awtomobiliň hereketini ýollarda we öwrümlerde has durnukly hem akgynly etdi.
Şeýle-de, kompaniýa Plaid wersiýasyny hödürledi. Ol 84 kg agyrlaşdy, ýöne salonda ümsümlik we rahatlyk has ýokarlandy.
Adaptiw faralar indi Model X-iň ähli wersiýalarynyň esasy toplumyna girýär.


şu gün 18:36
1k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

şu gün 17:04
1.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......