Gadymy Müsür maşgalalarynda mirasyň geçiş tertibi subut edildi. Uly ogul maşgalabaşy bolupdyr

  • 19.06.2025 14:04
  • 7.4k+

Leýden uniwersitetinden taryhçy Şteffi wan Gompel tarapyndan geçirilen barlag gadymy Müsürde erk-ygtyýaryň we emlägiň uly ogla miras geçendigini, maşgala ulgamynyň bolsa patriarhal we tire esaslydygyny tassyklady. Liberal maşgala kanuny we müsürli aýallar üçin deň hukuklar baradaky teoriýalar gadymy grek taryhçylaryna degişli stereotip bolup çykdy. Däp boýunça erk-ygtyýar we emläk maşgaladaky iň uly erkek kişä - köplenç beýleki çagalara garşy goýulýan birinji ogla miras galypdyr.

Nika şertnamalary mysaly bir zat bolan çeşmeleriň derňewi hemme zady öz ýerinde goýmaga kömek etdi. Wan Gompel nikalaşýan baý adamlaryň arasyndaky şeýle şertnamalaryň taraplara umumy hojalyga goşan goşantlaryny hasaba almaga we aýrylyşan halatlarynda emlägi düzgünleşdirmäge mümkinçilik berýändigini anyklady.
Müsürli aýal-gyzlara emläk edinmäge rugsat berilse-de, bu olaryň doly garaşsyzdygyny aňlatmaýardy. Maşgala ulgamy ata tarapa esaslanýar. Çagalaryň köpüsi ene-atasynyň öýünden çykyp gidýärler, ýöne uly ogly öz maşgalasy bilen galyp, hojalygy ýöretmegi dowam etdirýär. Şeýlelik bilen, köplenç azyndan üç nesil bir ojagyň başynda galýardy.
Uly oglunyň erk-ygtyýary uly bolupdyr. Birinji derejeli garyndaşlaryň erkekleri çagalaryň nikalaryna we emlägine gözegçilik edýärdiler. Bilelikde gazanylan zatlaryň ählisi uly erkek kişiniň gözegçiliginde maşgala emlägi bolup galýardy.

"Müsürde ogullar gyzlara garşy däl-de, uly ogul beýleki çagalara garşy goýulýardy. Bu erkekleriň özlerini artykmaç duýmak häsiýetiniň ösmegine kän mümkinçilik bermeýärdi. Şeýlelik bilen, Gadymy Müsürde aýallara arkaýyn hereket we gözegçilik etmek üçin birneme  giňişlik berýärdi. Emma şol döwürde erkekleriň we aýallaryň deňligi barada gürrüň hem bolup biljek däldi" – diýip,  Şteffi wan Gompel belledi.


düýn 10:51
934

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
4.1k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.8k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 20:00
1.8k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....