Pensilwaniýada Tesla-nyň awtopiloty elektromobili demirýol relsleriniň üstüne sürdi

  • 19.06.2025 11:00
  • 12k+

Tesla elektromobillerine ornaşdyrylan FSD (Full Self-Driving) awtonom sürüş ulgamy ýene ýol-ulag hadysasyna düşdi. Bu gezek awtopilot bilen dolandyrylýan «Model 3» demirýola çykdy diýip, «Carscoops» habar berýär.

Waka ABŞ-nyň Pensilwaniýa ştatyndaky demirýol geçelgeleriniň birinde irden boldy.
Awtoulagyň eýesiniň aýtmagyna görä, awtopilot relsleri adaty ýol hasaplap, ýoluň ugruny şoňa görä düzen bolmaly. Elektromobil relsleriň üstünden, takmynan, 10-15 metr ýol geçensoň saklandy. Şol pursatda ýanaşyk demirýoldan geçip barýan otly ulagyň gapdal aýnasyna degip gitdi.


Sürüji we ýolagçylar otly gelmänkä awtoulagdan çykyp, howpsuz aralykda durmagy başarypdyr. Hadysada hiç kim şikes almandyr. Awtoulaga-da uly zeper ýetmändir.
Tesla-ny göçürmek üçin, otlularyň gatnawy wagtlaýyn togtatmaly boldy. Wakanyň bolan ýerine manipulýatorly ewakuator getirildi. Awtoulag goşmaça zeper ýetirilmezden relslerden çykaryldy.


şu gün 18:36
900

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

şu gün 17:04
1.1k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

şu gün 14:05
2.5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....