MAN Mýunhende elektrik ýük ulaglarynyň köpçülikleýin önümçiligine başlady

  • 19.06.2025 10:29
  • 4.7k+

MAN kompaniýasy Mýunhen şäherindäki (Germaniýa) zawodynda elektrik ýük ulaglarynyň köpçülikleýin önümçiligine girişdi. Indi elektrik we dizelli modeller bir hatarda ýygnalýar, bu bazardaky islege görä çeýeligi üpjün edýär. Kompaniýanyň metbugat beýanatyna görä, 2025-nji ýylyň ahyryna çenli 1000-den gowrak eTruck öndürmek meýilleşdirilýär.

Bu taslama, takmynan, 400 million ýewro maýa goýuldy. eTGX, eTGS we eTGL atly elektrikli modeller 534 kWt-sagada çenli sygymly alty batareýa bilen enjamlaşdyrylýar we gaýtadan zarýad berilmezden 500 km aralygy geçip bilýär. Aralyk zarýad bilen geçilýän ýoly 850 km ýetirip bolýar. Önümçilik hatary günde 100 ulag öndürmäge mümkinçilik berýär.
Elektrikli çekişe geçmek üçin, MAN 5000-den gowrak işgärini gaýtadan taýýarlady. Şeýle-de 2030-njy ýyla çenli beýleki zawodlaryny hem elektrikleşdirmek üçin, ýene 1 milliard ýewro maýa goýmagy meýilleşdirýär. Elektrik ýük ulaglaryny dürli maksatlar üçin ulanyp bolýar, olar şol sanda awtoulag logistikasyna hem laýyk bolup, ramanyň beýikliginiň peseldilen wersiýasy hem öndürilýär.


10.05.2026 21:39
3.9k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....

27.04.2026 11:35
2.1k+

Volkswagen ID. Unyx: nemes tehnologiýasy we hytaý dizaýny

Volkswagen kompaniýasy Hytaýyň Xpeng kompaniýasy bilen tehniki hyzmatdaşlykda döredilen ilkinji seriýaly ulagy — D. Unyx krossowerini satuwa çykardy. Hytaýly müşderileriň islegi esasynda dizaýnlaşdyrylan bu......

20.01.2026 13:20
10k+

Germaniýada benzinde işleýän Toyota we Lexus-larda hereketlendirijini uzakdan otlamak funksiýasy ýatyryldy

Germaniýada Toyota we Lexus markalarynyň mobil goşundylarynda hereketlendirijini uzak aralykdan otlamak funksiýasy öçürildi. Bu çäklendirme diňe benzin bilen işleýän awtoulaglara degişli bolup, Bild neşiriniň habaryna görä, üýtgeşme müňlerçe ulag eýesine täsir etdi...

18.12.2025 12:17
5.3k+

Volkswagen kompaniýasy 88 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek Germaniýadaky zawodyny ýapar

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijisi bolan Volkswagen kompaniýasy Drezdendäki zawodynda önümçiligi togtatmagy meýilleşdirýär diýip, "Financial Times" gazeti habar berýär. Bu kompaniýanyň 88 ýyllyk taryhynda Germaniýanyň çäginde önümçiligiň ilkinji gezek togtadylmagy bolar...