Audi ähli ulaglaryny elektrikli hereketlendirijä geçirmek pikirinden dändi

  • 19.06.2025 10:40
  • 1.9k+

Audi ugruny üýtgedýär: kompaniýa 2033-nji ýyla çenli ähli ulaglaryny elektrik hereketlendirijä geçirmek baradaky meýilnamasyndan resmi taýdan ýüz öwürdi.

Germaniýaly brend esasy bazarlardaky durnuksyz islege we dürli şertlere uýgunlaşmak zerurlygy bilen baglylykda, içinden ýandyrylýan hereketlendirijili (IÝH) modelleri hatarda saklamaga karar berdi.
Ilkibaşda Audi diňe elektrik awtoulaglary öndürmäge üns bermekçidi, ýöne ýagdaýlar çylşyrymlaşdy: elektromobil satuwlary deň derejede ösmedi, Ýewropa Bileleşigindäki ýurtlarda infrastruktura dürli depginde ösýär, «ýaşyl» hereketlilige bolan gyzyklanma bolsa her ýerde durnukly däl.
Netijede, kompaniýa IÝH-lerden öwürmek hem-de modelleri hereketlendirijilere görä bölmek baradaky meýilnamasyny yza süýşürdi. Indi şol bir model IÝH bilen hem, gibrid görnüşde hem, elektrik görnüşde hem hödürlenip bilner.
Kompaniýanyň ýolbaşçysy Gernot Dýollneriň aýtmagyna görä, Audi 2024-nji ýyldan 2026-njy ýyla çenli aralykda adaty we gibrid hereketlendirijili awtoulaglaryň täze neslini çykarar, benzinli we dizel hereketlendirijili modelleriň önümçiligi bolsa häzirki onýyllygyň ahyryna çenli dowam eder.


29.05.2026 23:38
3.1k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.5k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.7k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.5k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......