BMW karbondan ýüz öwrüp, ulaglarynda zygyr süýümini ulanyp başlady

  • 19.06.2025 09:50
  • 4.1k+

BMW tebigy süýümden ýasalan elementlere eýe bolan M4 GT4 modelini hödürledi. Ulag 19-22-nji iýunda “24 sagat Nýurburgring” ýaryşyna gatnaşar. Bu awtomobil kompaniýanyň durnukly tehnologiýalary köpçülikleýin önümçilige ornaşdyrmakda ilkinji ädimi boldy.

Tebigy süýümden komponentler Şweýsariýanyň Bcomp kompaniýasy bilen bilelikde döredildi. Adaty uglerod matasyndan (karbon) tapawutlylykda, täze material zygyr ýaly gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden öndürilýär. Bu hem önümçilik tapgyrynda CO2 zyňyndylaryny 40%-e çenli azaltmaga we bölekleri gaýtadan işlemegi aňsatlaşdyrmaga mümkinçilik berýär.
BMW bu tehnologiýany 2019-njy ýyldan başlap awtosportda, şol sanda “Formula E-de”, M4 DTM we GT4 ýaryş ulaglarynda ulanyp başlady. Indi ösümlik esasly komponentler senagat şahadatnamasyny aldy we BMW M köpçülikleýin modellerinde ulanylar.
Şeýle çemeleşme diňe bir awomobiliň agramyny azaltman, eýsem önümçiligi ekologiýa taýdan has arassa etmäge ýardam berýär – bu 2025-nji ýylyň täze awtomobilleri üçin möhüm ölçegdir. 


18.06.2026 10:58
3.8k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......