Microsoft korporasiýasy Windows 11 üçin gyssagly patç çykardy we täze meseleleri döretdi

  • 19.06.2025 00:19
  • 2.9k+

Geçen hepde Microsoft korporasiýasy Patch Tuesday programmasynyň çäklerinde Windows 11 üçin KB5060842 täzelenmesini çykardy. Ýöne ol Easy Anti-Cheat antiçitini ulanýan oýunlar bilen gabat gelmekde mesele döretdi. Bu näsazlygy aradan aýyrmak üçin gyssagly ýagdaýda KB5063060 täzelenmesi çykaryldy, ýöne ol hem täze meselelere sebäp boldy.

PCWorld-yň maglumatlaryna görä, KB5063060 gurnalanda ulanyjylar 0x800f0922, 0x80070002, 0x80070306 we 0x800f0991 ýalňyşlyklary bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Käbir ulanyjylarda gurnama prosesi doňýar ýa-da gaýtadan ýükleme tapgyrynda togtaýar. Şeýle-de, ulgamyň öndürijiligi bilen bagly meseleler we oýunlarda bökdençlikler döreýär.
Ulanyjylara Microsoft katalogyndan täzelenmäni ýükläp almak maslahat berilýär. Bu ýagdaýda gurnama üstünlikli bolar, ýöne iýun täzelenmesinden soň näsazlyklar barybir ýüze çykyp biler. Ulanyjylaryň biri ýumuşlar paneliniň işlemegini bes edendigini habar berdi. Şeýle-de, “Ýolbelediň” işinde bökdençlikler bolup biler, ýöne habarlara seretseň, bu az sanly ulanyjylara täsir edýän bolsa gerek.
Mundan başga-da, KB5063060-yň gurnalmagy Easy Anti-Cheat bilen bagly meseleleri doly çözmeýär. Käbir ulanyjylar täzelenmeden soň Bluetooth gurluşlarynyň birikmegini bes edendigini habar berdi.
Microsoft häzirlikçe bu ýagdaýa teswir bermedi. Käbir ulanyjylaryň pikiriçe, KB5063060 patçynyň bozulmagy wagtlaýyn çözgüt bolup biler.


17.03.2026 20:39
708

Microsoft saglyk baradaky maglumatlary seljermek üçin Copilot Health hyzmatyny döretdi

Microsoft kompaniýasy täze Copilot Health hyzmatynyň işe girizilýändigini yglan etdi. Bu Copilot-yň içindäki goralan giňişlik bolup, onda ulgam ulanyjynyň saglygy baradaky maglumatlary seljerer we lukmançylyk maslahatlaryny berer...

23.02.2026 13:14
1.4k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.2k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...