Täzelenen Volvo XC40 2026 krossoweriniň satuwy başlandy

  • 18.06.2025 14:42
  • 5.4k+

Volvo kompaniýasy 2026-njy model ýylynyň täzelenen XC40 krossoweriniň satuwynyň başlandygyny habar berdi.

Awtoulag bäş sany toplumda hödürlenýär, olaryň hemmesi «ýumşak» gibrid ulgam bolan 48-woltlyk goşundyly 2,0 litrlik turbohereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylan. «ITHome» portalynyň maglumatlaryna görä, täze modeliň bahasy 269800-den 354800 ýuana çenli (takmynan, 37,6-49,5 müň dollar) aralykda üýtgeýär.
Ulagyň daşky keşbi häzirki modeliň esasy aýratynlyklaryny saklap galýar, ýöne täze görnüşli 18, 19 we 20 dýuýmlyk diskleri bilen üpjün edilýär. 2025-nji ýylyň modeli diňe 19 we 20 dýuýmlyk diskler bilen hödürlenýärdi.
Standart toplumda lýukly panoramaly üçek, ümre garşy we ýakyn yşygy awtomatiki çalşyrýan LED faralar bar.
Salonynda 9 dýuýmlyk merkezi displeý we 12,3 dýuýmlyk sanly gurallar paneli ýerleşýär. Esasy toplumda ikinji derejeli sürüji kömek ulgamlary bar. Ýokary derejeli toplumlar bolsa howanyň hiline gözegçilik ulgamy, ionizasiýa funksiýaly iki zonaly klimat-kontrol, Harman Kardon ses ulgamy, smartfon üçin simsiz zarýad beriji hem-de daşky aýnalaryň awtomatiki garalmasy funksiýasy bilen enjamlaşdyrylandyr.
Awtoulagyň ölçegleri – 4440 × 1863 × 1657 mm, teker bazasy – 2702 mm. B3 wersiýasy 163 at güýjüni we 265 Nm torky üpjün edýär, B4 wersiýasy bolsa 197 at güýjüni we 300 Nm tork berýär. Ulaglar 7 basgançakly, çygly tipli goşa ssepleniýeli robotlaşdyrylan karobka bilen üpjün edilýär.


düýn 12:48
1.6k+

Volvo bir millionynjy zarýad berilýän gibridini öndürdi

Volvo Cars möhüm üstünlik barada habar berdi: sentýabr aýynda bir millionynjy zarýad berilýän gibrid konweýerden çykdy. Kompaniýa bu sepgidi dolulygyna elektrikli modeller hataryna geçmek strategiýasynda möhüm ädim diýip atlandyrýar...

13.09.2025 14:55
6.5k+

Toyota dünýäde iň meşhur awtoulag öndürijisi. Aýry-aýry ýurtlar boýunça bu görkeziji nähilikä?

Toyota 2024-nji ýylda dünýäde iň meşhur awtoulag öndürijisi boldy. Kompaniýa ABŞ we Ýakyn Gündogar ýaly milli bazarlaryň aglabasynda birinji ýeri eýeledi. World Wide Mobility neşiri ýurt boýunça iň meşhur awtoulag öndürijileriniň kartasyny neşir etdi...

12.08.2025 14:47
3.7k+

Täze Volvo XC70 birbada 4 hereketlendirijä we 1200 km ýol ätiýaçlygyna eýe boldy

Volvo täze nesil krossoweri XC70 üçin deslapky sargytlary açýar. Kompaniýa ulagyň käbir tehniki aýratynlyklaryny aýtdy we oňa görä XC70 birbada dört hereketlendirijä eýe boldy. CarNewsChina-nyň maglumatlaryna görä, model 5,28 sekuntda 100 km/sag çenli tizligini artdyrýar we gibridler üçin döredilen täze arhitektura esaslanýar...

29.07.2025 19:01
5.2k+

Volvo XC 70 wnedorožnigi skandinaw äheňine eýe boldy

Volvo kompaniýasy XC70 wnedorožniginiň täze modelini çykardy. Geçirilýän gibrid özünde skandinaw äheňli ýokary tehnologiýany jemleýär. XC70 SMA-nyň platformasynda gurlan. Güýç gurluşy 1,5 litrlik benzinli hereketlendirijiden we 120 kW kuwwatly elektrik hereketlendirijisinden ybarat...