Hytaý ýertitremesiniň alamatlaryny gije-gündizleýin öwrenmek üçin hemra uçurdy

  • 18.06.2025 14:32
  • 7.5k+

Hytaý ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Szýusýuan kosmos merkezinden CSES-2 (China Seismo-Electromagnetic Satellite-2) hemrasyny üstünlikli uçurdy. Apparat orbita Long March 2D (“Beýik ýöriş-2D”) raketasy bilen uçuryldy diýip Space News habar berýär. 

Taslama Hytaýyň, Italiýanyň we Awstriýanyň gatnaşmagynda durmuşa geçirildi. Hemranyň esasy wezipesi - ýertitremeleriniň, sunamileriň, wulkan atylmalarynyň  we güýçli tupanlaryň ýakynlaşýangyny görkezip biljek elektromagnit anomaliýalaryny ýüze çykarmakdyr.
CSES-2 - 2018-nji ýylda uçurylan CSES-1 hemrasynyň kämilleşdirilen görnüşi. Ol dokuz sany ylmy gural, şol sanda ionosfera fotometri we Awstriýada işlenip düzülen magnitometr bilen enjamlaşdyrylan. Apparat elektromagnit meýdanlarynyň we plazmanyň parametrleriniň üýtgemelerini ýazga alýar.
Emeli hemra yzygiderli maglumatlary ýygnamaga mümkinçilik berýän 507 kilometr belentlikde Gün-sinhron orbitasynda hereket edýär. Ol gözegçilikleriň çägini giňeldýän we monitoringdäki bökdençlikleri aradan aýyrýan CSES-1 bilen antifazada işleýär.
Bu missiýa alty ýyl dowam eder. Alymlar ýygnalan maglumatlaryň tebigy betbagtçylyklar hakyndaky irki duýduryş ulgamlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyna kömek eder diýip umyt edýärler.
Tapgyryň ilkinji emeli hemrasy ýertitremelerinden öň ionosferada plazmanyň dykyzlygynyň we elektron akymlaryň üýtgemegini goşmak bilen, adatdan daşary hadysalaryň hasaba alnandygyny görkezdi.


düýn 16:45
3.2k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

düýn 16:26
3.9k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

düýn 16:17
2.4k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 20:08
4.3k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....