Hytaýyň «Mençžou» atly täze nesil uçarmanly kosmos gämisi synagdan üstünlikli geçdi

  • 18.06.2025 14:13
  • 4k+

Hytaý «Mençžou» («Arzuw gaýygy») atly täze nesil uçarmanly kosmos gämisinde synag uçuşyny üstünlikli amala aşyrdy. Nol beýiklikde geçirilen synag uçuşy geljekki Aý missiýasyna taýýarlygyň möhüm tapgyry boldy diýip, «South China Morning Post» habar berýär.

Synag uçuşy Szýusýuan kosmodromynda geçirildi. Gäminiň gaýdyp gelýän kapsulaly birleşik ulgamy gaty ýangyçly hereketlendiriji arkaly asmana galdy. Uçuşdan 20 sekunt geçensoň, enjam bellenen beýiklige ýetdi.
Soňra kapsula gämiden aýryldy we paraşýut ulgamynyň kömegi bilen bellenen zolaga düşdi.
Synag uçuşy gäminiň esasy komponentleriniň, şol sanda uçuryş, aýrylyş we gonuş mehanizmleriniň doly we dogry işleýändigini tassyklady.


düýn 14:38
2.4k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......

17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

11.06.2026 23:52
8.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

11.06.2026 10:55
1.8k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......