Audi A7L 2025 tanyşdyryldy: 3,0 litrlik hereketlendiriji we doly herekete getiriji ulgam

  • 18.06.2025 10:33
  • 4.2k+

Audi kompaniýasy 2025-nji ýylyň täzelenen A7L sedanyny tanyşdyrdy. Awtoulag 7 komplektasiýada hödürlenýär diýip, «ITHome» habar berýär.

Daşky keşbi boýunça täze model ýylyna geçýän A7L-de hiç hili üýtgeşme ýok. Awtoulagyň ölçegleri: uzynlygy – 5076 mm, ini – 1908 mm, beýikligi – 1429 mm. Teker bazasy – 3026 mm.
Audi A7L 2025-iň esasy komplektasiýasynyň salonyna üç sany ekran gurnalan: 12,3 dýuýmlyk displeý sanly gurallar panelinde ýerleşýär, 10,1 dýuýmlyk displeý media ulgamy üçin, 8,6 dýuýmlyk üçünji displeý bolsa howa ulgamynyň sazlamalaryny dolandyrmak üçin niýetlenendir.
A7L 2025 iki görnüşdäki hereketlendiriji bilen hödürlenýär. 55TFSI wersiýasy 3,0 litrlik benzinli V6 hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylandyr. Ol 48-woltlyk goşmaça elektrik ulgamy bilen bilelikde işleýär. Ol 340 at güýjüni öndürýär we iň ýokary 500 Nm torky üpjün edýär. Awtoulag 0-dan 100 km/sag tizlige bary-ýogy 5,6 sekuntda ýetýär. 45TFSI wersiýasynda bolsa, turbinaly 2,0 litrlik hereketlendiriji bar, onuň kuwwaty 245 at güýji, torky bolsa 370 Nm. Transmissiýa hökmünde iki sany çygly tipli ssepleniýeli, 7 basgançakly robotlaşdyrylan karobka bar. 2,0 litrlik hereketlendirijili wersiýalar öňdäki tigirlerden we doly herekete getirilýän görnüşde bolup biler, 3,0 litrlik uly hereketlendirijili wersiýalar bolsa, diňe doly herekete getiriji ulgam bilen üpjün edilýär.
Täze modeliň bahalary komplektasiýasyna görä, 418700 ýuandan 666200 ýuan (takmynan, 58,4 müň dollardan 92,9 müň dollar) aralygynda üýtgeýär.


09.05.2026 13:31
2.1k+

Brendiň halkasyz ikinji modeli bolan kaşaň AUDI E7X krossoweri ilkinji gezek görkezildi

Pekiniň awtoulag sergisinde AUDI E7X elektrik krossoweriniň resmi taýdan görkezilişi boldy....

27.04.2026 01:41
5.6k+

Milanyň dizaýn hepdeliginde 2026-njy ýylyň iň owadan awtoulaglary saýlanyldy

Milanyň dizaýn hepdeliginde Auto&Design žurnaly tarapyndan her ýyl gowşurylýan Car Design Award 2026 baýragynyň ýeňijileri  yglan edildi. Dabara ADI Design Museum muzeýinde geçirildi....

01.04.2026 16:47
3.5k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

13.03.2026 17:49
8.2k+

2026-njy ýylyň iň garaşylýan awtoulaglary

Motor1 neşiri 2026-njy ýylyň ahyryna çenli awtomobil bazaryna çykarylmagyna garaşylýan iň täze awtoulag modelleriniň sanawyny çap etdi. Bu sanawa dürli ugurlardaky modeller, şol sanda benzinli, gibrid hem-de doly elektrikli ulaglar girizildi...