Dubaýda beýikligi 445 metr bolan goşa ýaşaýyş diňi gurlar

  • 17.06.2025 19:24
  • 9.9k+

Deyaar Development kompaniýasy Dubaýda täze Downtown Residences ýaşaýyş toplumynyň taslamasyny hödürledi. Onuň beýikligi 445 metre barabar bolar diýip, New Atlas habar berýär.

Taslamany Business Bay sebitinde durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.
Toplum bir umumy binýatda birleşdirilen iki diňden ybarat bolar.
Binada kaşaň otaglar, köp sanly penthauslar we köşk ýerleşdiriler. Binanyň infrastrukturasy ýaşyl zolaklary, sagaldyş we aeroýoga, meditasiýa, spa we fitnes zolaklary bilen sosial merkezleri öz içine alar.
100-nji gatda diýen ýaly Summit Society giňişligi bolup, ol restoranlary, barlary, launj-zolaklary we uly kinozaly öz içine alar.
Gurluşyk başlangyç tapgyrda bolup, 2030-njy ýylyň ahyryna çenli tamamlanmaly. Eger bina häzire çenli gurlup tamamlanan bolsa, ol Dubaýda Burj-Halifadan soň ikinji iň beýik bina bolardy we dünýäniň ýaşaýyş diňleriniň arasynda hem şeýle orny eýelärdi. Ýöne onýyllygyň ahyryna çenli Downtown Residences beýikligi boýunça beýleki taslamalardan yza galsa gerek. Hususan-da, 2028-nji ýylda tamamlanmaly 122 gatly Six Senses Residences Dubai Marina toplumy ondan öňe geçer. Bu binanyň beýikligi 517 metre barabar bolar.


01.01.2026 18:09
6.3k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Abu-Dabi ugruna goşmaça gatnawy ýola goýýar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň 4-nji ýanwaryndan başlap, Aşgabat – Abu-Dabi – Aşgabat ugry boýunça yzygiderli ýolugçy gatnawlarynyň sanyny artdyrýar. Indi Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagtyna uçuşlar hepdede iki gezek amala aşyrylar...

29.12.2025 00:16
6.1k+

Abu-Dabide BAE-niň esaslandyryjysyna bagyşlanan uly muzeý açyldy

Abu-Dabide Birleşen Arap Emirlikleriniň esaslandyryjysyna we ilkinji Prezidentine bagyşlanan iri medeni merkez — Şeýh Zaýed adyndaky Milli muzeý açyldy. Saadiýat adasynda ýerleşýän bu muzeý ýurduň taryhy we onuň lideriniň mirasy bilen tanyşmak üçin döredilen özboluşly giňişlikdir...

16.12.2025 16:17
6.4k+

BAE-de 6 km uzaýan dronlaryň we feýerwerkleriň Täze ýyl şüweleňi taýýarlanýar

Ras-el-Haýma emirliginiň (BAE) ýolbaşçylary Ginnesiň rekordlar kitabyna girmäge dalaş etjek Täze ýyl şüweleňini geçirmek meýilnamalary barada habar berdi. Ýarygije geçiriljek 15 minutlyk şüweleň dünýäde iň uzyn şüweleňleriň biri bolar: ol Marjan adasyndan Al-Hamra aýlagyna çenli 6 kilometr uzalar diýip, Arabian Business neşiri habar berýär...

23.11.2025 00:12
7.4k+

Dubaýdaky kafe taryhda iň gymmat kofeni hödürleýär: bir çaşka üçin $980

Dubaýdaky Julith Coffee kafesinde bir çaşka üçin 3600 dirham (980 dollar) bahadan kofe peýda boldy diýip, The Independent habar berýär. Bu içgi günbatar Panamadaky Baru wulkanynyň eňňitlerinde ösdürilip ýetişdirilýän seýrek görnüş bolan Nido 7 toplumynyň Geisha kofe dänelerinden taýýarlanýar...