Hytaýda ysmaz keselli adama beýni implanty üstünlikli oturdyldy

  • 17.06.2025 19:26
  • 3.2k+

ABŞ ysmaz adamlara pikiriň güýji bilen kompýuteri dolandyrmaga mümkinçilik berýän beýni implantlaryny işläp taýýarlamak bilen meşgullanýan ýeke-täk ýurt däl. Bu ugurda Ilon Maskyň Neuralink startapy öňdebaryjy hasaplanýar, ýöne ýakynda Hytaý hem öz neýroimplantynyň kliniki synaglaryny üstünlikli tamamlady.

Bloomberg agentliginiň Global Times-e salgylanyp habar bermegine görä, Hytaý bu ugurda hakyky netijeleri gazanmagy başaran dünýäde ikinji ýurt boldy. Şu ýylyň mart aýynda el-aýagy ysmaz bolan hassa kelle beýnisine implant oturtmak boýunça operasiýa geçirdi. Häzirki wagta çenli ol kompýuter oýunlarynda, şol sanda ýaryş we küşt oýunlarynda syçanjygyň görkezijisini dolandyrmagy özleşdirdi. Operasiýa beýnini öwrenmäge ýöriteleşen Şanhaý ylmy gözleg merkezinde geçirildi.
Hytaý çeşmeleri ýurtda döredilen implantyň dünýäde iň ykjam implantdygyny belleýär – onuň diametri 26 mm, korpusynyň galyňlygy 6 mm barabar. Hünärmenleriň baha bermegine görä, gurluş Neuralink bilen deňeşdirilende 100 esse ýokary çeýeligi üpjün edýär.
Geljekde alymlar hassa pikiriň güýji bilen robotizirlenen eli dolandyrmagy, mysal üçin, predmetleri tutmagy we suwly bulgury saklamagy öwretmegi meýilleşdirýär. Eger ähli zat üstünlikli bolsa, beýni implanty Hytaýyň düzgünleşdiriji edaralaryndan ygtyýarnama alyp, 2028-nji ýylda bazara çykyp biler.


24.05.2026 06:47
3.5k+

Xiaomi 8000 mA/sag batareýaly Xiaomi 17 Max flagmanyny tanyşdyrdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda sygymy 8000 mA/sag bolan akkumulýator, Snapdragon 8 Elite Gen 5 prosessory we 200 Mp esasy kamera bilen enjamlaşdyrylan Xiaomi 17 Max flagman smartfonynyň tanyşdyrylyşyny geçirdi....

23.05.2026 23:40
2.5k+

Xiaomi özüniň ilkinji klipsa gulaklyklaryny satuwa çykardy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bahasy 849 ýuan (takmynan, $124) bolan ilkinji açyk görnüşli klipsa gulaklyklaryny hödürledi. Satuwyň ilkinji günlerinde bu gurluşy arzanladylan bahadan — 799 ýuana (takmynan, $117)......

21.05.2026 12:26
7k+

Apple duýdansyz ýagdaýda Hytaýda iPhone 17 Pro-nyň bahalaryny döwdi: arzanladyşlar baryp 300 dollara ýetýär

Apple kompaniýasy Hytaýda iPhone 17 seriýasynyň bahalaryny aşakladyp başlady. 15-nji maýdan başlap, iPhone 17 Pro-nyň bahasy 1000 ýuan (147 dollar) arzanlady, trade-in maksatnamalaryny we goşmaça subsidiýalary......

17.05.2026 20:04
2.6k+

Dünýäde ilkinji: Huawei we Midea otagdaky kömürturşy gazynyň derejesini sazlamaga ukyply kondisionerleri döretdiler

«Midea» we «Huawei» kompaniýalary Hytaýda dünýäde ilkinji HarmonyOS operasion ulgamynda işleýän akylly kondisionerleri tanyşdyrdylar. Bu enjamlar otagdaky kömürturşy gazynyň (CO2) derejesini awtomat usulda......