Nýu-Ýorkda “The Last of Us” serialynyň ýyldyzy Pedro Paskala meňzeş adamlaryň bäsleşigi geçirildi

  • 17.06.2025 19:38
  • 9k+

Nýu-Ýorkda meňzeş adamlaryň nobatdaky bäsleşigi geçirildi. Bu gezek guramaçylar myhmanlara “The Las of Us” (“Biziň soňkymyz”) we “Narko” seriallaryndaky keşpleri bilen tanalýan aktýor Pedro Paskala has meňzeş adamlary saýlamagy teklip etdi. Bu barada New York Post habar berýär.

Halkyň ses bermeginde ýeňiji Bruklinden yşyklandyryş boýunça hudožnik Jorj Gountas boldy. Ol 50 dollar möçberde pul baýragyny hem-de Meksikanyň ýerli restoranyndan bir ýyllyk burrito ätiýaçlygyny aldy.
Ozal şeýle bäsleşiklerde Timoti Şalame, Zendaýa, Jeremi Allen Uaýta has meňzeş adamlar saýlanypdy.
Geçen hepde Paskalyň gatnaşmagynda täze “Materialistler” komediýa melodramasy prokata çykdy. Mundan başga-da, aktýor şu tomus täze “Fantastik dörtlük” filminde we “Eddington” neo-western filminde peýda bolar.



21.06.2026 10:41
1.7k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.5k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.9k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....