39 ýaşly lemur Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi: ýabany tebigatda olar 20 ýyldan köp ýaşamaýar

  • 17.06.2025 18:50
  • 7.2k+

15-nji iýunda Stampi atly alabeder guýrukly lemur 39 ýaşyny belledi we resmi taýdan erkinlikde ýaşamaýan iň garry lemur diýlip ykrar edildi. Ol Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.

Stampi 1986-njy ýylda Surreý graflygynda (Beýik Britaniýa) dünýä indi, soňra Şotlandiýa getirildi. 2005-nji ýyldan bäri ol öz ogullary – 21 ýaşly Red we 20 ýaşly Julian bilen bilelikde “Bäş uýa” haýwanat bagynda ýaşaýar. Bu hem olar üçin uly ýaşdyr.
Erkinlikde ýaşamaýan alabeder guýrukly lemurlaryň ortaça ömür dowamlylygy 20-25 ýyl, ýabany tebigatda bolsa 20 ýyldan hem azdyr. Ýaşyna garamazdan, Stampiniň ýagdaýy gowy, ýöne onuň görşi peseldi we bogunlarynda ýaş bilen baglanyşykly üýtgeşmeler peýda boldy. Her näme diýseňem, garrylyk özüni görkezýär. Oňa her gün artrite garşy derman berilýär.
Haýwanat bagynyň işgärleriniň aýtmagyna görä, Stampi Güne ýanmagy, ter ot, aýratynam, söwüt hem-de batat iýmegi gowy görýär.
Ýokarda agzalan ikisinden başga-da, Stampiniň 9 çagasy, 25 agtygy, alty çowlugy we bir ýuwlugy bar. Alty çowlugynyň ählisi Gresiýadaky haýwanat bagynda ýaşaýar.


düýn 22:32
1.4k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.2k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.8k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....