HarmonyOS Huawei-niň 100 milliondan gowrak smartfonynda Android-iň ornuny çalyşdy

  • 17.06.2025 14:17
  • 3k+

Hytaýyň Huawei kompaniýasy 2019-njy ýylda HarmonyOS işe girizileni bäri bazara bu operasion ulgam bilen 100 milliondan gowrak smartfon iberdi. Bu barada Canalys analitiki kompaniýasynyň hasabatynda habar berilýär.

Maglumatlara görä, 2024-nji ýylyň ahyryna çenli HarmonyOS operasion ulgamy bilen işleýän smartfonlaryň sany 103 milliona ýetdi. Olardan 46 milliony soňky bir ýylda çykaryldy. Kompaniýanyň halkara bazarlarynda satuwyny çäklendiren ABŞ-nyň sanksiýalaryna garamazdan, Huawei Hytaýyň içerki bazarynda güýçli ornuny saklaýar. Munuň sebäpleriniň biri-de, HarmonyOS-yň Huawei-niň beýleki önümleri bilen hem netijeli işlemegi boldy.
HarmonyOS diňe bir smartfonlarda ulanylmaýar. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, kompaniýa bu ulgam bilen bazara 21 million planşet, şol sanda 2024-nji ýylda 10,5 million planşet iberdi. 2021-nji ýylyň ortalarynda OS giňden ornaşdyrylyp başlanandan soň, ol Huawei-niň köp önümleri üçin esasy platforma öwrüldi.
Şeýle-de, operasion ulgam akylly sagatlarda, audio-gurluşlarda, akylly öý üçin enjamlarda we şahsy kompýuterlerde ulanylýar. Canalys Huawei-niň hytaý bazaryna HarmonyOS bilen 4,2 million töweregi kompýuter iberendigini we şolaryň 3,2 millionynyň noutbukdygyny habar berdi.
Kompaniýa 2025-nji ýylyň ahyryna çenli HarmonyOS-yň täze wersiýasyny çykarmaga taýýarlanýar. Onda emeli aňa esaslanýan funksiýalaryň peýda bolmagyna garaşylýar. 


04.06.2026 11:54
2k+

Duolingo ulanyjylara iň uzak okuw seriýasyny yzyna gaýtarmaga rugsat berdi

Daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin niýetlenen "Duolingo" hyzmaty ulanyjylara ýitiren iň uzyn gündelik okuw seriýasyny dikeltmäge mümkinçilik berýän ýörite aksiýany ýola goýdy. Bu başlangyç köp günlük okuw......

05.05.2026 15:24
989

Instagram-y döredijiler pursatlary paýlaşmak üçin täze goşundy döretdiler

Instagram-a we Facebook-a eýelik edýän Meta kompaniýasy diňe bir gezeklik görlüp, soň bolsa öçýän suratlar arkaly habarlaşmak üçin niýetlenen täze Instants goşundysyny tanyşdyrdy....

22.04.2026 16:50
934

YouTube-da indi Shorts wideolary görkezmez ýaly edip bolýar

YouTube-yň Android we iOS üçin mobil goşundylarynda Shorts wideolaryny ulanyjy lentasyndan doly aýyrmaga mümkinçilik berýän täze funksiýa peýda boldy. Bu mümkinçilik taýmer ulgamynyň täzelenmegi netijesinde......

15.02.2026 09:14
3.2k+

26-njy fewralda Madridde Huawei Mate 80 Pro-nyň dünýä tanyşdyrylyşy geçiriler

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi bolan Huawei täze "Mate 80 Pro" seriýasynyň halkara bazaryndaky tanyşdyrylyşynyň 2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda boljakdygyny tassyklady. Resmi çäre Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde geçiriler...