Repçi Snup Dogg barada baýopik düşüriler

  • 13.06.2025 10:35
  • 3.3k+

Repçi Snup Dogg özi baradaky filmiň surata düşüriş işlerine gatnaşar. Bu filmde onuň dünýä meşhurlygyna alyp baran ýoly we aýdym-saz pudagyndaky ilkinji ädimleri barada gürrüň berler diýip, Deadline neşiri habar berýär.

Repçiniň keşbini «Outer Banks» serialynyň ýyldyzy Jonatan Dewiss ýerine ýetirer.
Taslamanyň režissýorlygyna «Coming 2 America» filminiň režissýory Kreýg Brýuer bellendi, senarisini bolsa «American Crime Story» serialynda işlän Jo Robert Koul ýazdy. Snup Doggyň özi bolsa filmiň prodýuserleriniň biri bolar. Ol bu işi «A Beautiful Mind» filmi bilen «Oskar» baýragyny alan Braýan Greýzer bilen bilelikde alyp barar.
Taslama Universal bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylar we ýerine ýetirijiniň karýerasyna badalga beren Death Row atly leýbliň ösüşiniň täze tapgyrynyň bir bölegi bolar. Bu leýbl diňe bir saz bilen çäklenmän, başga ugurlarda hem işini giňeltmegi meýilleşdirýär.
Universal-yň hip-hop temaly filmler boýunça öňden gelýän uly tejribesi bar: studiýa ozal «Straight Outta Compton» we «8 Mile» ýaly meşhur filmleri çykarypdy.


düýn 10:41
1.7k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.5k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.9k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....