BMW million kilometre barabar ýol geçen 5 Series E39 modelini görkezdi

  • 13.06.2025 10:29
  • 14k+

BMW Blog web saýty 1996-njy ýylyň 10-njy iýunynda çykan we Finlýandiýada hasaba alnan BMW 5 Series E39 sedany barada habar berdi. Bu awtoulagyň odometri 940 müň 503 kilometr görkezýär.

Blogda bellenilişi ýaly, awtoulag ýylda ortaça 35 müň kilometr ýol geçipdir.
Gyzykly tarapy, ulagyň satyn alnan gününden bäri diňe ýeke eýesi bolupdyr – Ýuha Bekmand. Ol BMW-sini 1996-njy ýylyň oktýabryndan bäri sürýär we bu senäniň hormatyna hatda awtoulag üçin «10 96» belgili nomer hem sargyt edipdir.
Skandinawiýanyň sowuk howasyna garamazdan, ulag ygtybarlylygyny subut edipdir: hereketlendirijisi -37,5 gradus temperaturada-da işläpdir.

Bekmand awtoulagy yzygiderli abatlaýyşdan geçiripdir we diňe original şaýlary ulanypdyr. Şeýle-de bolsa, hereketlendirijisi we geçiriş karobkasy häzirki güne çenli hem üýtgedilmän saklanypdyr.
«BMW 523i» modeli 170 at güýjüni öndürýän 2,5 litrlik benzinli, hatar görnüşli alty silindrli hereketlendiriji we 5 basgançakly mehaniki karobka bilen enjamlaşdyrylandyr.
Ulagyň kuzowy Finlýandiýanyň garly gyşlaryna gowy çydapdyr – poslamandyr we zawoddaky boýag örtügi saklapdyr. Şeýle-de salonynyň ýagdaýy hem gowy saklanypdyr.


18.06.2026 10:58
3.8k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......