Disney+ Marvel-den “Demir ýürek” mini-serialynyň täze treýlerini görkezdi

  • 12.06.2025 12:25
  • 2.8k+

Disney+ “Gara babyr: Wakanda baky” (Чёрная Пантера: Ваканда навеки) filminiň dowamy bolan “Demir ýürek” mini-serialynyň ikinji treýlerini çykardy.

Sýužetiň merkezinde Demir ýürek hökmünde tanalýan 15 ýaşly okuwçy we oýlap tapyjy Riri Uilýams durýar. Ol ogurlanan materiallary ulanyp, Toni Starkyň (Demir adam) sowudyndan täsirlenen kostýumy döredýär. Tiz wagtdan Riri tehnologiýany diňe bir gaýtalaman, eýsem ony kämilleşdirip biljekdigine düşünýär.
Seriala Dominik Torn, Entoni Ramos, Olden Erenraýh we beýleki aktýorlar gatnaşdy. Ssenariçi we dörediji hökmünde “Garyň içi bilen” (Сквозь снег) serialynyň üstündäki işi bilen tanalýan Çinaka Hoj çykyş etdi.
“Demir ýüregiň” ilkinji bölümleri 24-nji iýunda Disney+ platformasynda çykar. 


21.05.2026 11:08
1.1k+

Warhorse studiýasy «Ýüzükleriň hökümdary» boýunça ägirt uly oýun taýýarlaýar

Çehiýanyň Warhorse studiýasy «Ýüzükleriň hökümdary» älemine esaslanýan açyk dünýäli täze RPG oýnunyň, şeýle hem Kingdom Come seriýanyň nobatdaky böleginiň üstünde işlenilýändigini resmi taýdan tassyklady....

20.05.2026 10:06
2.1k+

Disney ýüzi tanamak tehnologiýasy sebäpli köpçülikleýin şikaýat bilen ýüzbe-ýüz boldy

Disneyland we Disney California Adventure tematiki seýilgählerinde ýüzi tanamak ulgamynyň ulanylmagy sebäpli Disney kompaniýasynyň üstünden köpçülikleýin şikaýat arzasy berildi. Şikaýatçylar seýilgählere......

19.05.2026 23:09
2k+

Fransiýada Luwr muzeýiniň talanmagy barada film düşüriler

Romen Gawrasyň režissýorlyk etmeginde Luwr muzeýinde bolup geçen talaňçylyk ekrana geçiriler. Bu barada «Le Figaro» neşiri habar berýär....

19.05.2026 07:36
4.3k+

«Collider» HBO-nyň soňky on ýylda çykan iň gowy 12 serialynyň reýtingini düzdi

«Collider» neşiri HBO-nyň soňky on ýylyň dowamynda çykarylan iň gowy 12 serialynyň reýtingini hödürledi. Sanawyň birinji ornuny «Çernobyl» mini-serialy eýeledi....