Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde innowasiýalara bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

  • 11.06.2025 14:44
  • 12k+

11-nji iýunda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Innowasiýalar, parahatçylyk, durnukly ösüş» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Halkara ylmy-amaly maslahata dünýäniň jemi 5  döwletinden jemi 11 sany, sanly ulgam arkaly 20 sany dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, ylmy-barlag institutlarynyň belli alymlary, kompaniýalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Şolaryň hatarynda Ýaponiýa, Russiýa, Gruziýa, Ukraina, Türkiýe, Germaniýa, Azerbaýjan, Owganystan, Gazagystan, Fransiýa, Awstriýa, Özbegistan, Koreýa, Hindistan, Pakistan, Braziliýa we beýlekiler bar.
Maslahatyň gün tertibine ylmy barlaglaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça özara gatnaşyklar, innowasion tehnologiýalary işläp taýýarlamak we olary ulanmak, durnukly ösüşi üpjün etmekde parahatçylyk we ynanyşmak taglymatynyň ähmiýeti ýaly meseleler girizildi.

Maslahat bilen utgaşyklylykda uniwersitetiň ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda yglan eden innowasion tehnologiýalaryň bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna saýlanan ylmy taslamalar sergide aýratyn orna eýe boldy. Bu bäsleşige gatnaşýan talyplaryň, ýaş ylmy işgärleriň we mugallymlaryň arasynda mekdep okuwçylarynyň hem bolmagy örän buýsandyryjydyr. Innowasion tehnologiýalaryň bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna 150-den gowrak taslama işi gatnaşdy.
Daşary ýurtly myhmanlar hem-de maslahata gatnaşyjylar şeýle hem “Bilimler dünýäsi we kibersport toplumy” bilen tanyşdylar.





şu gün 17:37
616

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

şu gün 08:02
1.5k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

şu gün 07:48
1.1k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

düýn 22:30
1.7k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......