Türkmenistanyň wise-premýeri N.Atagulyýew Daşkentde Özbegistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

  • 11.06.2025 14:10
  • 12k+

Daşkentde geçirilen Halkara maýa goýum forumynyň çäklerinde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýewiň duşuşygy boldy. Bu barada özbek Lideriniň metbugat gullugy habar berýär.

Wise-premýer özbek Liderine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamlary hem-de iň gowy arzuwlary ýetirdi.
Duşuşykda özbek-türkmen dostluk, goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda, ykdysadyýet, ulag, energetika we suw hojalygy ugurlarynda hyzmatdaşlygyň täze gün tertibini kemala getirmäge aýratyn üns berildi.
Şeýle hem ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we sebit forumyna taýýarlyk görmegiň möhümdigi bellenildi. Duşuşygyň dowamynda bilelikdäki işewürlik we medeni çäreleri geçirmek meselelerine hem seredildi.


şu gün 07:42
409

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

09.06.2026 12:11
12k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......