BMW iýul aýyndan başlap täze awtoulaglarynyň bahasyny galdyrar

  • 11.06.2025 13:53
  • 4.3k+

BMW 2025-nji ýylyň 1-nji iýulyndan başlap 2026-njy ýylyň model hataryndaky awtoulaglarynyň hemmesiniň diýen ýaly bahasyny galdyrar. Muňa diňe käbir modeller degişli bolmaz diýip, awtoulag öndürijisiniň dilerler üçin içerki habaryna salgylanýan CarsDirect habar berýär.

Ortaça bahanyň ýokarlanmagy, modeline baglylykda takmynan 1,9% ýa-da 1100 dollardan 2500 dollar aralygynda bolar. Mysal üçin, flagman X5 M krossoweriniň bahasy 2500 dollar ýokarlanar, ýagny 127 200 dollardan 129 700 dollara çenli bolar. BMW 4 Series Coupe we Z4 ýaly has elýeter modelleriň bahasy 1100 dollar galar.
Bahalaryň gymmatlamagy diňe 2026-njy ýylda öndürilen awtoulaglara degişli bolar. 2025-nji ýylda öndürilen, ammarlarda duran modelleriň bahasy öňküligine galar.
BMW i5 we iX elektrik awtoulaglary, şeýle hem M2 kupesi we Alpina XB7 gymmatlamaz.
Kompaniýa bahalara täzeden garalmagynyň täze import ýygymlary bilen däl-de, hümmetsizlenme we adaty enjam giňeltmeleri bilen baglanyşyklydygyny düşündirdi. Şeýle-de bolsa, seljerijiler bu karara ABŞ-nyň gümrük syýasatynyň üýtgemeginiň hem täsir edip biljekdigini çaklaýarlar.


18.06.2026 10:58
3.9k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......