Alymlar syrly we seýrek Uinston Red göwheriniň syryny açdylar

  • 11.06.2025 13:14
  • 3.7k+

Alymlar dünýäde iň seýrek we syrly göwherleriň biri, agramy 2,33 karat bolan Uinston Red göwheriniň ilkinji barlagyny geçirdiler. Bu iş Gems & Gemology žurnalynda çap edildi diýip, IFLScience habar berýär.

Uinston Red göwheri özboluşly gyzyl reňki bilen tapawutlanýar. Hünärmenler ony bahasyna ýetip bolmajak diýip atlandyrsalar-da, onuň bazar bahasy 2,6 million dollar diýlip çaklanylýar. Aslynda, Gyzyl göwheriň 1 million dollardan arzan bolýan wagty seýrek.
Bu göwher Waşingtondaky Smitson milli tebigatyň taryhy muzeýine zergär Garri Uinstonyň ogly Ronald Uinston tarapyndan sowgat berildi. Uinston Red-iň gyraňlanylyşy onuň XX asyryň birinji ýarymynda döredilendigini görkezýär. 1938-nji ýylda zergär Žak Kartýeniň ony Nawanagar hindi knýazlygynyň hökümdaryna satandygy mälimdir. 1988-nji ýylda Uinston daşy hökümdaryň oglundan satyn alýar. Göwheri 1988-nji ýylda Tokioda görkezmek meýilleşdirilipdi, ýöne ony halka ilkinji gezek bir ýyl geçensoň görkezdiler.
Alymlar Uinston Red-iň optiki aýratynlyklaryny öwrendiler we ony beýleki seýrek daşlar bilen deňeşdirdiler. Ahyrda-da, onuň özboluşly gyzyl reňki Ýeriň mantiýasyndaky ýokary basyş astynda göwheriň kristal gözeneginiň deformasiýasy sebäpli emele gelipdir diýen netijä geldiler.
Göwheriň Wenesuelada ýa-da Braziliýada gazylyp alnandygy çak edilýär, ýöne onuň gelip çykyşy henizem nämälimligine galýar.


şu gün 17:37
564

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

şu gün 08:02
1.5k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

şu gün 07:48
1k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

düýn 22:30
1.7k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......