Xiaomi Apple-yň ýoluna eýerýär: kompaniýanyň indiki operasion ulgamynyň ady HyperOS 26 bolar

  • 11.06.2025 12:56
  • 2k+

Geçen aýyň ahyrynda Bloomberg agentliginiň žurnalisti Mark Gurman Apple-yň operasion ulgamlaryna at beriş düzgünini üýtgetjekdigini aýdypdy. Indi bolsa, Hytaýyň Xiaomi kompaniýasynyň hem şeýle düzgüne geçmäge taýýarlanýandygy mälim boldy. Bu barada «GSMArena» habar berdi.

Apple öz operasion ulgamlarynyň täze wersiýalaryny WWDC 2025 konferensiýasynda tanyşdyrdy. iOS 19-a we iPadOS 19-a derek, iOS 26 we iPadOS 26 hödürlendi.
Internet çeşmelerinde peýda bolan maglumatlara görä, Xiaomi hem Android ulgamynyň esasynda döredilen HyperOS platformasy üçin şuňa meňzeş düzgüne geçmegi meýilleşdirýär. Ýagny, şu ýylyň ahyrynda Xiaomi kompaniýasy HyperOS 3-i (Android 16 esasly) däl-de, gös-göni HyperOS 26-ny tanyşdyryp biler. Täzelenmäniň oktýabr ýa-da noýabr aýlarynda çykmagyna garaşylýar. Şonuň üçin degişli jikme-jiklikler resmi tanyşdyrylyşa golaý belli bolar.
Täze atlandyryş shemasy ulanyjylar üçin amatly bolar, sebäbi olar operasion ulgamyň wersiýalarynyň haýsy ýyllara degişlidigine aňsatlyk bilen düşünip bilerler. Emma bu usul kompaniýanyň özi üçin käbir kynçylyklar döredip biler. Sebäbi, wersiýalara senenama ýyly boýunça at berilse, Xiaomi her ýyl täze ulgam çykarmaly we şol tertibe yzygiderli eýermeli bolar.


16.05.2026 11:20
3.9k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...