Bloomberg: Apple kompaniýasy iOS 19-a derek göni iOS 26-ny çykarar

  • 31.05.2025 15:00
  • 1.6k+

Apple kompaniýasy operasion ulgamlary belgileýiş usulyny düýpgöter üýtgetmegi meýilleşdirýär diýip, Bloomberg agentligi habar berýär.

Agentligiň çeşmeleriniň sözlerine görä, Apple-yň indiki operasion ulgamlary wersiýa belgisi boýunça däl-de, çykaryljak ýylyndan soňky ýyl boýunça atlandyrylar. Ýagny, iOS 18 wersiýasyna derek öň meýilleşdirilişi ýaly iOS 19 däl-de, iOS 26 çykarylar.
Beýleki operasion ulgamlaryň atlary hem şol usula görä üýtgediler – iPadOS 26, macOS 26, watchOS 26, tvOS 26 we visionOS 26.
Apple bu çözgüdi brendiň stilini birmeňzeş saklamak we müşderiler bilen programmistleriň bulaşmagynyň öňüni almak üçin kabul etdi. Häzirki wagtda operasion ulgamlaryň wersiýa belgileri biri-birinden tapawutly – iOS 18, watchOS 12, macOS 15 we visionOS 2, sebäbi olaryň ilkinji wersiýalary dürli ýyllarda çykarylypdy.
Apple-yň bu üýtgeşmeleri resmi taýdan 9-njy iýunda geçiriljek Bütindünýä işläp düzüjiler konferensiýasynda («WWDC») yglan etmegine garaşylýar.
Apple kompaniýasynyň wekili bu barada düşündiriş bermekden ýüz öwürdi.
Köp sanly iri kompaniýalar üçin belgileýiş tertibini üýtgetmek adaty ýagdaýdyr. Mysal üçin, Samsung kompaniýasy 2020-nji ýylda öz Galaxy S hatyndaky flagman smartfonlaryny çykan ýylynyň ady bilen atlandyryp, öňki Galaxy S10-dan soň göni Galaxy S20-ä geçipdi. Microsoft kompaniýasy hem 1995-nji ýylda operasion ulgamlaryny çykan ýyly bilen atlandyryp başlapdy – Windows 95, Windows 98, Windows 2000. Emma Apple-yň çemeleşmesi biraz tapawutlyrak: kompaniýa belgilerinde häzirki ýyly däl-de, geljek ýyly ulanar.


16.05.2026 11:20
3.9k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...