Täze iOS 26, janly terjime we emeli aň. Apple WWDC 2025-de tanyşdyrylan ähli täzelikler

  • 10.06.2025 15:18
  • 1.5k+

Apple kompaniýasynyň Kaliforniýa ştatynyň (ABŞ) Kupertino şäherindäki baş edarasynda her ýylky işläp düzüjileriň WWDC 2025 konferensiýasy öz işine başlady. Konferensiýa 13-nji iýunda, anna güni tamamlanar. Iň esasy täzelikler adaty bolşy ýaly, çäräniň başynda, amerikan tehnoägirdiniň ýolbaşçylarynyň çykyşlary bilen köpçülige ýetirildi.

Çak edilişi ýaly, Apple öz enjamlarynyň operasion ulgamynyň atlandyrylyşy babatynda täze çemeleşmä geçdi. Mundan beýläk, olar öňküsi ýaly nesil belgisi boýunça däl-de, çykaryljak ýylyndan soňky ýyl boýunça atlandyrylar. Ýagny, iPhone üçin iOS 18-den soň iOS 19 däl-de, iOS 26 peýda bolar. Şol bir tertip beýleki ulgamlara-da degişli bolar: iPadOS 26, macOS 26, watchOS 26, tvOS 26 we visionOS 26. Bu usul ulanyjylaryň haýsy ulgamyň iň täzesidigini aňsatlyk bilen tanamagyna ýardam berer.


Apple kompaniýasy iOS-yň täze dizaýnyny «kompaniýanyň taryhyndaky iň uly interfeýs täzelenmesi» diýip belläp geçdi. Merkezi motiw – Vision Pro garyşyk hakykat garniturasynyň VisionOS operasion ulgamynyň stilindäki «suwuk aýna» («Liquid Glass») temasy bolup, ol täzelen ikonkalary, ses we ýagtylyk slaýderlerini, şeýle-de täze wirtual klawiaturany öz içine alýar. Gulplanan ekranda täze animasiýalar peýda boldy – kamera ýa-da fonarik ýaly elementler enjamy aýlanyňyzda üç ölçegli effekt döredip şöhle saçýar. Şeýle hem gurallar paneli ýaly elementler awtomatiki gizlenip, gerek wagtyňyz dessine peýda bolýar.


Oýunçylar üçin täze «Games» atly programma peýda bolar. Ol ýerde dostlaryň bilen bile oýnap, gazanan üstünlikleriňi paýlaşyp, şeýle-de beýleki sosial funksiýalardan peýdalanyp bolýar.
«Kamera» programmasy hem täzelenip, surat ýa-da wideo düşürmegi tizleşdirmek üçin has düşnükli we ulanyjy üçin amatly görnüşde taýýarlandy. Şeýle hem suratlaryň ýerleşýän kitaphanasyna çalt geçmek mümkinçiligi goşuldy.
Täzelenen Genmoji funksiýasy indi emodzileri ýüz keşbine görä döretmäge mümkinçilik berýär. Image Playground-daky ChatGPT integrasiýasy arkaly özboluşly stilleri döredip bolýar.
Telefon jaňlarynda, «Habarlar» programmasynda we FaceTime arkaly janly terjime funksiýasy elýeterli bolar. FaceTime ýagdaýynda terjime edilen subtitrler göni jaňa goşular. Bu mümkinçilik ulanyjylara başga dillerde gürleýän adamlara düşünmäge mümkinçilik berer.


Apple CarPlay ulgamyna täze wijetler we beýleki dizaýn üýtgeşmeleri girizildi. Şeýle hem «Ultra» atly ýörite wersiýa taýýarlandy. Bu wersiýa ilki bilen diňe Aston Martin awtoulaglarynda elýeterli bolar, ýöne Apple bu aýratynlygyň ýakyn wagtda beýleki brendlere hem ýaýradylyp başlanjakdygyny aýtdy.
Kompaniýanyň emeli aň ulgamy bolan Apple Intelligence indi akylly sagatlar üçin niýetlenen watchOS ulgamyna goşuldy. Bu ulgam arkaly fiziki işjeňlik we saglyk ýagdaýy emeli aň tarapyndan seljerilip bilner. Bu maglumatlaryň esasynda, ol wirtual tälimçi hökmünde maslahatlary berer.
Ulgam daşky gurşawdaky sesiň derejesini seljerip, bildirişleriň sesini awtomatiki üýtgedip biler – gerek wagty ýatyrýar ýa-da güýçlendirýär. Şeýle hem eliňi silkelemek arkaly programmany ýapmak mümkinçiligi goşuldy, bu öňki «iki gezek basmak» hereketine goşmaça boldy. WatchOS ulgamynda hem «Liquid Glass» konsepsiýasy ulanylyp, displeýde ýarym açyk elementler peýda boldy.
Şeýle hem Apple birneme täzelenen tvOS ulgamyny, şeýle hem «Apple Music» goşundysyny hödürledi. «Karaoke» funksiýasy kämilleşdirildi – indi ulanyjy öz telefonyndaky mikrofon arkaly aýdym aýdyp, dürli ses effektlerini ulanyp biler.
Täze macOS hem tanyşdyryldy. Ady çaklanylyşy ýaly – «Tahoe». Interfeýsi has utgaşykly görnüşe eýe boldy we gözleg funksiýasyny gowulandyryldy. Şeýle hem giňişleýin şahsylaşdyrma mümkinçilikleri goşuldy.


Vision Pro garyşyk hakykat garniturasynyň visionOS ulgamynda indi ikonkalary we wijetleri «öýüň diwaryna» ýerleşdirip bolýar. Şeýle hem «Sagat», «Howa maglumaty», «Aýdym-saz» we «Suratlar» üçin täze wijetler peýda boldy. Wirtual awatarlar hem ep-esli gowulaşdy.
iPadOS 26 ulgamynda köp işi bir wagtda ýerine ýetirmegi has ýeňilleşdirmek üçin täze penjire ulgamy girizildi. Ulanyjylar indi penjireleri islendik ölçegde açyp, olaryň arasynda tiz birinden beýlekisine geçip, ýörite gurallar arkaly tertipleşdirip bilerler. Işläp düzüjiler iPad ulanmagyň indi has aňsatdygyny belleýärler. Köp sanly dolandyryş elementleri Mac kompýuterleriň interfeýsine meňzedildi. Apple bu üýtgeşmeleri «interfeýse aşa ýüklenmezden, ulanyjylara has kämil mümkinçilikleri hödürlemek üçin» ýerine ýetirendigini aýtdy.
Ahyrynda, Apple kompaniýasy öz esasy dil modellerine daşarky işläp düzüjiler üçin elýeterlilik açjakdygyny mälim etdi. Munuň netijesinde, olar öz programmalaryna dürli «akylly» ulanyjy funksiýalaryny ornaşdyryp bilerler.


düýn 16:33
1.9k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...