Mikroblar antibiotiklerden gutulmak üçin «tizlenmegi» öwrendi

  • 10.06.2025 15:22
  • 1.9k+

Käbir bakteriýalar antibiotikleriň täsirinden halas bolmak üçin, öz metabolizmini çaltlandyrmagy başarýarlar. Bu ýagdaý olara gorag proseslerini işjeňleşdirmäge we mutasiýalary has tiz ýygnamaga kömek edýär. Amerikaly we ýewropaly molekulýar biologlar şeýle netijä geldiler diýip, «Nature Communications» žurnalynda çap edilen materiala salgylanyp, «ScienceDaily» neşiri habar berýär.

«Adatça, käbir bakteriýalaryň antibiotik bilen garşylaşansoň hem diri galmagy olaryň metabolizmini haýallatmagy bilen düşündirilýär. Emma biz muňa ters ýagdaýy ýüze çykardyk – şeýle pursatlarda mikroblaryň öýjükleri madda çalşygyny „çaltlandyrýar“, bu bolsa köp mukdarda oksidantlaryň döremegine we stres ýagdaýynyň başlanylmagyna getirýär. Bu bolsa, olary ölümden goraýar» — diýip, gözlegçi Barri Li düşündirýär. Onuň sözlerini ABŞ-nyň Ratgers uniwersitetiniň metbugat gullugy ýetirýär.

Köp sanly antibiotikler bakteriýalary ýok edýär, sebäbi olary has köp energiýany, ýagny ATF molekulalaryny harçlamaga mejbur edýär. Netijede, öýjüklerde DNK-ny we beýleki möhüm gurluşlary zaýalaýan oksidantlar ýygnanýar. Bu prosesi öwrenmek üçin alymlar içege taýajyklarynyň genomyny üýtgedip, antibiotik ulanmazdan, ATF we onuň bilen bagly NAD maddalarynyň sarp edilişini çaltlandyrmaga mümkinçilik döretdiler.
Synaglaryň netijeleri görkezdi: käbir öýjükler haýallamaýar, tersine, madda çalşygyny (metabolizmi) çaltlandyrýar. Bu ýagdaý oksidantlaryň artmagyna, DNK-nyň abatlaýjy ulgamlarynyň işjeňleşmegine we strese garşy göreşmek ukybynyň ýokarlanmagyna getirýär.
Mundan başga-da, şeýle öýjükleriň siprofloksasin antibiotiginiň täsirine 10 esse has gowy çydaýandygy we oňa garşy durnuklylygy has tiz ösdürýändigi anyklanyldy. Alymlar şeýle goranyş mehanizmleriniň täze antibiotikleri döretmekde hökman göz öňünde tutulmalydygyny belleýärler.


şu gün 17:37
773

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

şu gün 08:02
1.5k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

şu gün 07:48
1.1k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

düýn 22:30
1.7k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......